Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Döwlet sapary: Türkmenistanyň we Mongoliýanyň hyzmatdaşlygy täze derejede

02.06.2025
83
Card image cap

      2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen wekiliýeti Mongoliýa ilkinji döwlet sapary bilen bardy. Bu taryhy sapar iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak bilen birlikde, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni  gatnaşyklarynyň giňeldilmegine uly itergi berdi.

Bu saparyň çäklerinde Ulan-batorda Türkmenistanyň milli amaly-haşam sungatynyň we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasy hem gurnaldy. Mongoliýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen sergi-ýarmarkasyna  Türkmen-mongol işewürler forumyna gatnaşyjylar aýlanyp görüp, ýokary baha berdiler.

         Saparyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda taraplar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Netijede, birnäçe resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika, oba hojalygy, ulag we kommunikasiýalar, bilim we medeniýet ýaly ugurlary öz içine aldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň