Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahaty: Hususy pudagyň ösüşinde täze ädim

06.08.2025
47

      2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde Hususy pudak forumy geçirildi.

         Forumyň esasy maksady – deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň telekeçilik ulgamyny ösdürmek, olaryň dünýä bazarlaryna çykmagyny ýeňilleşdirmek, işewür gatnaşyklary giňeltmek we hususy pudagy goldamakdan ybarat boldy.  Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Awazada LLDC3 maslahatynyň çäginde geçirilen forumda eden çykyşynda belläp geçdi. Baş sekretar halkara maliýe düzümleriniň kämilleşdirilmegini, ösüp barýan ýurtlaryň has giň wekilçilik gazanmagyny hem-de maliýe çeşmelerine elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagyny nygtap, bu ugurda halkara ösüş banklarynyň öz mümkinçiliklerini giňeltmelidigini aýtdy. Şeýle banklaryň hususy sektory goldamakda we maýa serişdelerini doly ulanmakda işjeň rol oýnamagynyň zerurdygy bellenildi.

         Çärä dürli döwletleriň işewür wekilleri we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumda Türkmenistan döwletiniň wekilleri hem çykyş edip, möhüm tekliplerini, pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.

         Hususy pudak forumy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary dünýä bazarlaryna birleşdirmekde möhüm meýdança bolup hyzmat etdi. Forumyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar, pikir alyşmalar we tanyşdyryşlar guraldy.

         Bu möhüm çäre deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň halkara giňişligindäki işjeňligini artdyrmakda ähmiýetli ädim boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň