Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Gazagystan we Türkmenistanyň arasyndaky işewürler duşuşygy: ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi

25.07.2025
30
Card image cap

    2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Gazagystan Respublikasynyň işewürler wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Bu duşuşyklar iki ýurduň işewür jemgyýetleriniň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we mümkinçilikleri giňeltmek maksady bilen guraldy.

    Duşuşyklarda işewürlik ulgamynyň wekilleri ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işewürlik gatnaşyklaryny artdyrmak we täze mümkinçilikleri gözden geçirmek üçin özara pikir alyşdylar.    Ulag, energetika, senagat we beýleki esasy ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

   Iki döwletiň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek, köpugurly ykdysady gatnaşyklary has-da artdyrmak we öňdebaryjy tehnologiýalar babatynda bilelikdäki işewürlik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin çäreler alnyp barylýar.

    Bu duşuşyklar, iki ýurduň telekeçileriniň we işewürler jemgyýetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mündan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň