03.11.2025
                    
                                      
                                                            
                                        
     2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika
pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Dabaranyň
başynda Hormatly Prezidentimiziň  halkara
sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. 
      Hormatly Prezidentimiziň belleýşi
ýaly,  Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralýan halkara sergi we
maslahat ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmak, gurluşyk, senagat toplumynyň
pudaklaryny, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýä
bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiligini döretmek we
bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary
amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir.
     Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary
bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginlerde ösýär. Çäräniň
maksady - Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna daşary ýurt maýa
goýumlaryny çekmekden, şeýle hem halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygyny
ösdürmekden ybaratdyr. 
     Halkara sergide milli ykdysadyýetimiziň
gurluşyk, senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak
babatda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrylýar. Şeýle hem sergi meýdançasynda ýurdumyzyň elektroenergetika, awtomobil
ýollarynyň gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda gazanan üstünlikleri  hem öz beýanyny tapýar. 
  
Gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudagyny öz içine alýan halkara
sergi hem maslahat ýokary derejede tejribe alyşmaga we netijeli duşuşyklary
geçirmäge mümkinçilik berýär.
                                                          Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
                                                                                            
       Metbugat gullugy