2025-nji ýylyň 21-23-nji awgust
aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda giňden
garaşylýan : “Kids Expo:Ähli zat çagalar üçin” atly
Halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu sergi, çagalar üçin önümçilik,
innowasiýa we tehnologiýa ugurlaryny görkezmek maksady bilen döredildi.
Serginiň
maksady çagalar we olaryň enesi, atasy üçin köp sanly täze we peýdaly önümleri,
hyzmatlary we çözgütleri üpjün etmekdir. “Kids Expo” giňişleýin derejeler
boýunça, şol sanda çagalar üçin mebel, oýunlar, bilim serişdeleri, sport we
saglyk önümleri we beýleki taslamalary öz içine alar.
Serginiň
dowamynda ýörite okuw çäreleri, interaktiw oýunlar, bilim we oýun görnüşli
çäreler hem guralar. Şonuň ýaly-da çagalar üçin täzelikler we innowasiýalar
görkeziler, bu bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyny we çagalar üçin täze
mümkinçilikleri döretmäge uly itergi berer.
Bu
sergi, çagalaryň durmuşda möhüm orny bolandygyny we olaryň ösüşine oňat
mümkinçilikler döretmegiň ähmiýetini görkezýär. Bu çäre ýurdumyzyň we halkara
ykdysadyýetiniň we işewürligiň täze ugurlaryna göz aýlamak üçin amatly şertleri
döredýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy