Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdyr, Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde”

04.08.2025
68

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň milli baýdaklaryny galdyrmak dabarasy geçirildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahaty 3-nji awgustyň bu buýsançly dabarasyndan badalga aldy.

Dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyň 30 ýyllygynyň, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyna üns çekildi. Soňra Döwlet senalaryň ýaňlanmagy bilen, Hormat garawulynyň esgerleri baýdaklary hormat bilen belende galdyrdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň öňünde  belentde parlaýan ýaşyl baýdagymyz bu günki gün BMG-niň milli baýdagy bilen galdyrylmagy Türkmenistanyň bu abraýly gurama tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýa jemgyýetçiliginiň işlerine işjeň gatnaşyp, tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň çözülmegine anyk goşant goşýandygynyň ýene bir gezek aýdyň beýany boldy.

Hazaryň merjeni Awazada galdyrylan baýdaklar BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlandygynyň buşlukçysy bolup, belentde pasyrdaýarlar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy bölümi. 


Bulary hem okaň