Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Balkanabatda türkmen-eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy dogrusynda duşuşyk geçirildi

21.11.2025
67

         2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimi Ali Asgar Tahmasebiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen   göçme sergisiniň çäklerinde gurnaldy.

      Duşuşygyň başynda türkmen-eýran dostlukly hyzmatdaşlygynyň asyrlardan gözbaş alýandygy bellenip, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar dogrusynda pikir alyşyldy.

      Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy iki goňşy döwletiň arasynda   sergileriň yzygiderli geçirilmeginiň  asylly däbe öwrülip, şu görnüşli çäreleriň  iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygynyň möçberiniň artmagyna itergi berýändigini aýtdy.

      Türkmen wekiliýeti  bu sergide Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçiliklerine ýokary baha berendiklerini belledi.

     Ali Asgar Tahmasebi  şeýle   sergini ýokary guramaçylykly geçirmäge döreden mümkinçiligi üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çuňňur  hoşallygyny beýan edip, türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we türkmen işewürlerini Gülüstanda geçiriljek «Expo 2026» sergisine  gatnaşmaga çagyrdy.  

      Duşuşyk taraplaryň bir-birege iň ýagşy arzuwlaryny beýan etmegi bilen tamamlandy.

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                       Metbugat gullugy


Bulary hem okaň