22.04.2026
Gazagystanyň paýtagty Astana
şäheri şu günlerde sebit we dünýä derejesinde ekologiýa we durnukly ösüş
meseleleriniň çözgütleri ara alnyp maslahatlaşylýan möhüm halkara merkeze
öwrüldi. 2026-njy ýylyň 22-23-nji apreli aralygynda BMG-niň goldamagynda geçirilýän
“Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş” atly Sebitleýin ekologiýa sammiti
hem-de 22-24-nji apreli aralygynda dowam edýän “RES 2026 EXPO” atly Ýaşyl
tehnologiýalaryň we durnukly çözgütleriniň Halkara sergisi Merkezi Aziýada “ýaşyl”
ösüşiň täze ugurlaryny kesgitleýär.
Türkmenistanyň
hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet
wekiliýetiniň bu ýokary derejeli çärelerde gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara
başlangyçlarynyň ähmiýetini nobatdaky gezek tassyklady. Sammitiň dowamynda
kabul ediljek Bilelikdäki Jarnama sebit ýurtlarynyň ekologiýa howpsuzlygyny
üpjün etmek, howa üýtgemelerine garşy göreşmek we tebigy serişdeleri netijeli
peýdalanmak boýunça bilelikdäki hereketleriniň möhüm binýadyna öwrüler.
“RES
2026 EXPO” halkara sergisi bolsa ýaşyl tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň
we ykdysady hyzmatdaşlygyň özboluşly görkezilişine öwrüldi. Serginiň çäklerinde
Türkmenistanyň Milli pawilýony aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu ýerde milli
miras bilen döwrebap ösüşiň sazlaşygy üstünlikli görkezilýär.
Hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy eserleriň
tanyşdyrylyşy ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň ylmy taýdan öwrenilişini we
saglygy goraýyş ulgamyndaky mümkinçiliklerini açyp görkezýär. Şeýle hem milli
el halylary, dokma önümleri we beýleki eksport ugurly harytlar Türkmenistanyň
ykdysady kuwwatyny beýan edýär.
Sanly
tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly Türkmenistanyň tebigy gözellikleriniň we
“Ýaşyl” ösüş konsepsiýasynyň görkezilmegi pawilýony serginiň iň köp gelinýän
ýerleriniň birine öwürdi.
Astana
şäherinde geçirilýän bu giň gerimli çäreler Türkmenistanyň ekologiýa
diplomatiýasyndaky işjeň ornuny, durnukly ösüşe gönükdirilen strategiýasynyň
üstünliklerini hem-de halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär.
Bu bolsa Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açyp, umumy
“ýaşyl” geljege tarap ynamly ädimleri üpjün edýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.