Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Aşgabatda “Türkmentextile Expo-2025” halkara sergisi geçiriler

28.05.2025
153
Card image cap

2025-nji ýylyň 11-13-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň iň täze üstünlikleri we  halkara hyzmatdaşlygynda ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrýan “Türkmentextile Expo-2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler.

Sergide dokma senagatynyň giň ugurlary –  tebigy süýümleri gaýtadan işlemek, egin-eşik we aýakgap önümçiligi, öý dokma önümleri, ätiýaçlyk şaýlary, himiki serişdeler we boýaglar, bezeg önümleri ýaly dürli ugurlar görkeziler. Şeýle hem sergä gatnaşýan kompaniýalar tarapyndan iň täze innowasion tehnologiýalar  hödürlener.

“Türkmentextile Expo-2025” atly halkara sergisi diňe bir ýurdumyzyň dokma senagatynyň mümkinçiliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin hem möhüm işewür meýdança öwrüler. Çäre gatnaşyjylara  innowasion çözgütler bilen tanyşmaga hem-de tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döreder.

Bu halkara çäräni dünýäniň dürli ýurtlaryndan dokma senagatyna degişli kompaniýalaryň, önüm öndürijileriň we hünärmenleriň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň