Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Aşgabatda Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi üstünlikli tamamlandy

30.04.2026
49

       2026-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkmen – Hytaý işewürler forumy we sergisi ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli tamamlandy. Üç gün dowam eden bu giň gerimli çäre iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň berk binýadyny goýdy.

         Serginiň jemleýji güni netijeli işewür gepleşiklere baý boldy. Iki ýurduň döwlet düzümleri we hususy telekeçiler arasynda geçirilen B2B duşuşyklarynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi, Hytaý kompaniýalary tarapyndan guralan tanyşdyryş çykyşlarynda hem sanly ulgamlary ornaşdyrmak we önümçiligi döwrebaplaşdyrmak boýunça täze taslamalar hödürlendi. Şeýle-de birnäçe ikitaraplaýyn Hyzmatdaşlyk Ähtnamalaryna gol çekildi. Bu resminamalar söwda dolanyşygyny giňeltmek, tejribe alyşmak hem-de bilelikdäki kärhanalary döretmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

         Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentine minnetdarlyk Ýüzlenmesi kabul edildi.

         Türkmen – Hytaý işewürler forumy we sergisi ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bir hatarda, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygyny aýdyň görkezdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň