“Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly
halkara serginiň çäklerinde 24-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň binasynda möhüm işewürlik duşuşyklary geçirildi.
Duşuşyklar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda hem-de
Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň Minsk şäher bölüminiň
ýolbaşçylygyndaky işewürler wekiliýeti bilen bilelikde guramaçylykly ýagdaýda amala
aşyryldy.
Şol gün
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalarynyň we belarus wekiliýetiniň
arasynda 13 sany ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy. Duşuşyklarda taraplar dürli
pudaklarda, şol sanda senagat, energetika, oba hojalygy, gurluşyk,
ulag-logistika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň
dowamynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipler
bilen çykyş edip, geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine
seretdiler.
Bu duşuşyklar
iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara düşünişmegi hem-de ykdysady
gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen bir hatarda,
Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini hem görkezýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.