Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 12-nji sergisi ýokary derejede dowam edýär

11.02.2026
34

        2026-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 12-nji sergisi ýokary guramaçylyk derejesinde öz işini dowam edýär. Giň gerimli bu sergi türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşini aýdyň görkezýän möhüm meýdançasyna öwrüldi.

         Sergä Türkiýe Respublikasynyň 100-e golaý öňdebaryjy kompaniýalary we pudaklaýyn assosiasiýalary gatnaşýar. Olar häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan, halkara hil ülňülerine laýyk gelýän dürli görnüşli önümlerini giňden tanyşdyrýarlar. Ekspozisiýalarda gurluşyk we senagat serişdeleri, oba hojalyk önümleri, maşyn gurluşygy hem-de durmuş tehnikalary hem-de beýleki köpugurly harytlar görkezilýär. Bu bolsa türkmen işewürlerine dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

       Serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler işjeň alnyp barylýar. Şeýle duşuşyklar täze hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň baglaşylmagyna, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň artmagyna giň ýol açýar. Hususan-da, türkmen telekeçileri üçin Türkiýäniň eksport mümkinçiliklerini içgin öwrenmekde we täze hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge hyzmat edýär.

         Aşgabatda geçirilýän bu sergi diňe bir harytlaryň tanyşdyrylyşy bilen çäklenmän, eýsem täze mümkinçilikleriň açylýan, hyzmatdaşlygyň täze sahypasynyň ýazylýan möhüm platformasy hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň