03.04.2026
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynda dowam edýän “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi
işewür hyzmatdaşlygyň işjeň merkezine öwrülip, halkara ykdysady gatnaşyklary
ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Serginiň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar,
şol sanda B2B duşuşyklary we tanyşdyrylyş çykyşlary gatnaşyjylar üçin täze
mümkinçilikleriň gapysyny giňden açýar.
Dünýäniň
dürli ýurtlaryndan gelen kompaniýalaryň wekilleri bilen ýurdumyzyň
işewürleriniň arasynda geçirilýän gepleşikler ýokary işjeňlik bilen dowam
edýär. Bu duşuşyklar diňe bir tejribe alyşmak bilen çäklenmän, eýsem, täze
hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge hem-de geljegi uly taslamalaryň binýadyny
goýmaga mümkinçilik berýär.
Şol
bir wagtda, serginiň çäklerinde guralýan tanyşdyrylyş çykyşlary häzirki zaman
önümçilikleriniň gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary we hyzmatlary giňden
açyp görkezýär. Kompaniýalaryň hödürleýän çözgütleri gatnaşyjylaryň uly
gyzyklanmasyna eýe bolup, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykmagyna
itergi berýär.
Bu
halkara sergi öz mazmuny we giň gerimi bilen diňe bir önümçilik üstünlikleriniň
görkeziliş meýdançasy bolman, eýsem, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýan,
täze başlangyçlaryň döreýän möhüm platformasy hökmünde çykyş edýär.
“Hyzmatdaşlyk
we ösüş” sergisi Türkmenistanyň halkara ykdysady giňişligindäki işjeň ornunyň
barha berkeýändigini aýdyň görkezmek bilen, geljekki ösüşlere ynamly ädimleriň
ädilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrülýär.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.