2025-nji ýylyň 24-nji maýynda «Ak
şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergi bilen utgaşyklylykda halkara maslahat hem geçirildi. Maslahatda şähergurluşyk we
binagärlik boýunça öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak, paýtagtymyzyň ösüş
derejesini giňden görkezmek maksat edinildi.
Paýtagtymyzyň
ajaýyp “Olimpiýa” myhmanhanasynda badalga alan maslahata Türkmenistanyň hökümet
ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri,
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar bilen
bir hatarda daşary ýurtlardan gelen myhmanlar, halkara guramalaryň wekilleri,
dürli döwletleriň Türkmenistandaky ilçileri hem gatnaşdylar. Şeýle giň halkara
düzümli maslahat paýtagtymyzyň abraýynyň halkara derejesindäki ornunyň barha
artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Maslahatda
çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň şäher gurluşygy baradaky
öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Aşgabat şäheriniň häzirki zaman
talaplaryna laýyklykda depginli ösýändigini, onuň diňe bir ýurdumyzyň däl,
eýsem, tutuş sebitiň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine
öwrülendigini aýratyn nygtadylar.
Halkara serginiň
hem maslahatyň çäklerinde birnäçe işewürlik duşuşyklary geçirilip, özara
bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.