2025-nji ýylyň 24-nji maýynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly
halkara sergisi öz işine başlady. Bu sergi ýurdumyzyň paýtagtynyň – häzirki
döwürde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabadyň – häzirki
zaman şähergurluşyk, senagat, ykdysady we medeniýet ugurlarynda gazanan
üstünliklerini giňden açyp görkezýär.
Dünýäniň
iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülen Aşgabatda
adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu başlangyç Türkmenistanyň at gazanan
arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy esaslara
daýanýan başlangyçlarynyň netijesinde durmuşa geçirilip, häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.
Sergide
medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, döwrebap şäher meýilnamasy,
innowasion “akylly” şäher tehnologiýalarynyň ulanylmagy hem-de tebigata
dostlukly, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine möhüm orun berilýändigi
aýratyn bellenilýär. Bu ugurda gurulýan täze Arkadag şäheri Türkmenistanyň
häzirki zaman şäher gurluşygyna täze ruhy we tehnologiki mazmun getirýär.
“Ak
şäherim Aşgabat” sergisi diňe bir şäheriň ösüşini görkezmek bilen çäklenmän,
eýsem, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem-de ýurdumyzyň geljegine bolan
ynamyň nyşany hökmünde ähmiýetlidir.
Sergi
2025-nji ýylyň 25-nji maýyna çenli dowam eder.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.