Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Ahalteke bedewleriniň şöhraty halkara derejede dabaralandy

02.02.2026
18

        Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek, milli gymmatlyklarymyzy dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda alyp barýan beýik tagallalary netijesinde, dünýä atşynaslygynyň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň şöhraty günsaýyn belende galýar.

       “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip at berlen 2026-njy ýylyň ilkinji aýynda Türkmenistanyň atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygy we bedewleriniň özboluşlylygy halkara eminler tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.

       Festiwalyň netijeleri boýunça topara Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu bolsa türkmen milli atçylyk sungatynyň halkara derejede ykrar edilmesiniň nobatdaky beýany boldy.

Bu üstünlikler ýurdumyzda atçylyk däpleriniň döwrebap ösdürilýändiginiň, milli mirasymyzyň halkara giňişlikde mynasyp orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň