12.05.2026
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly
halkara sergi öz işine badalga berdi. Halkara derejede uly gyzyklanma döredýän
bu sergi oba hojalygy, azyk senagaty hem-de döwrebap gaplama tehnologiýalary
boýunça öňdebaryjy tejribeleri bir ýere jemledi.
Serginiň
açylyş dabarasynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly
ruhubelentlik bilen okaldy. Gutlagda ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny
döwrebaplaşdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek we halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň ähmiýeti aýratyn
nygtaldy.
“Agro
Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisinde ýurdumyzyň we daşary ýurt
kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary, innowasion tehnologiýalary hem-de
ekologik taýdan arassa önümleri giňden tanyşdyrylýar. Şeýle-de serginiň
çäklerinde işewür duşuşyklary geçirilip, täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara
alnyp maslahatlaşylýar.
14-nji
maýa çenli dowam etjek halkara sergi ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde,
öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda hem-de pudagyň ösüşine täze itergi bermekde
möhüm halkara meýdança hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.