Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

34 ýyllygyň şöhratly sergisi dabaraly jemlendi

20.09.2025
382

        Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi” şu gün – 20-nji sentýabrda öz işini üstünlikli tamamlady. Üç günüň dowamynda geçirilen sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikleriň giň gerimde görkezilmegine we dürli pudaklaryň mümkinçilikleriniň tanyşdyrylmagyna giň şertleri döretdi.

             Sergä ýurdumyzyň döwlet we hususy pudaklaryna degişli kärhanalaryň, senagat we hyzmat ulgamynyň wekilleri, şeýle hem ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň işgärleri işjeň gatnaşdylar. Olar özleriniň häzirki zaman enjamlary, ýokary hilli önümleri we innowasion işläp taýýarlamalary bilen çykyş etdiler.

         Çäräniň jemleýji böleginde bolsa ähli gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda sergä gatnaşyjylar tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

         Bu sergi Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikleriň aýdyň beýany bolmak bilen, täze pikirleriň, hyzmatdaşlyklaryň we innowasiýalaryň başlangyjy hökmünde giň seslenme döretdi.

 Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň