29.12.2025
Ýurdumyzda her
ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça asylly däbi dowam etdirmek bilen,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň şygaryny yglan etdi. Geljek ýyl “Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” diýlip,
atlandyryldy hem-de onuň nyşany kabul edildi.
Täze
ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini, hemişelik Bitaraplyk
derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent
maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýär. Şygarda bedew batly at
türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlygynyň nyşany
hökmünde şöhlelendirilýär.
2026-njy
ýylyň nyşany hem ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünliklerini,
halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini we geljege bolan ynamyny
alamatlandyrýar. Ol ykdysady, medeni we ruhy ösüşlere gönükdirilen belent
maksatlaryň nyşany bolup çykyş edýär.
Täze
ýylyň şygary we nyşany 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek
jemgyýetçilik-syýasy, medeni-köpçülikleýin çäreleriň, zähmet üstünlikleriniň we
ösüş maksatlarynyň ruhy binýadyny emele getirer.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.