Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

2025-nji ýylyň 4-nji awgusty: LLDC3 – de 25 pawilýon, 4 milli sergi – diwarlyk

04.08.2025
58

LLDC3-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramaçylygynda 25 sany sergi-diwarlygy ýaýbaňlandyryldy. Olaryň 21-i daşary döwletleriň, 4 sanysy milli sergi-diwarlygymyz bolup,  Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna, Durnukly ösüş maksatlaryna hem LLDC3  çäresine bagyşlandy. 25 hem 4-lik sanlar Awaza maslahatynyň 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda badalga almagyny aňladyp, aýratyn manyny özünde jemledi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan pawilýon

Bu pawilýon geçen 33 ýylyň dowamynda netijeli we oňyn, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli we maksada okgunly amala aşyrýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan pawilýon Türkmenistanyň daşary syýasatyna, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk statusyna bagyşlanýar. Şeýle hem sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini görkezýär.

Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan pawilýon

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisini hem resmi taýdan kabul edip, olary milli meýilnamalara, durmuş-ykdysady strategiýalara uýgunlaşdyryp, umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Bu pawilýon  bu babatdaky giňişleýin maglumatlar bilen tanyşdyrýar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň pawilýonynda (LLDC3) bu maslahatyň many-mazmunyna degişli  maglumatlar serginiň tomaşaçylaryna ýetirilýär. Sergide  bu maslahatyň, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndaky, özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagyndaky orny dogrusynda giňişleýin maglumat berilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy bölümi.


Bulary hem okaň