Sergi - dokma senagatynyň enjamlary, tebigy süýümleri gaýtadan işlenilmek, egin-eşik we aýakgap, öý dokma önümleri, ätiýaçlyk şaýlary we bölek enjamlary, himiki serişdeler we boýaglar, bezeg önümleri ýaly ugurlary, şeýle hem iň täze tehnologiýalary öz içine alar hem-de “know-how” hödürlär.
Halkara sergisi Türkmenistanyň dokma senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işewür meýdança öwrüler. Sergä gatnaşyjylar innowasion ugurlar bilen tanyşyp, işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de gelejekdäki mümkinçilikleri barada maslahatlaşyp bilerler.
Sergä jogapkär: G.Rejepowa
Tel: 39-88-38
E-mail: sergi5@cci.gov.tm