Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini
geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri
jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa milli parlamentiň döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny
pugtalandyrmak boýunça şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren
işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde
Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap
Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda”
Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak
we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet
sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly
Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda
Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň
Kanunlary bar. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, jenaýat, arbitraž, raýat we
jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw
önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri
bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we
goşmaçalar girizildi. Şeýle-de şu döwürde Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul
edildi.
Mejlisde daşary ýurt
döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň
9-syndan ynanç hatlary kabul edildi, dünýäniň dürli döwletleriniň
parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşyklaryň 51-si geçirildi. Şunuň bilen
birlikde, Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini
kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek
boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 78-sine
gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen,
deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 29-sy guraldy. “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy guramaçylykly
geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz
berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň we ýurdumyzyň hukuk binýadyny
kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dokuz aýynyň makroykdysady
görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň ähli
pudaklarynyň we ýurdumyzyň sebitleriniň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ilatyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler amala
aşyrylýar. Şunuň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3
göterime deň boldy. Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,8 göterime,
gurluşykda 7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,6
göterime, oba hojalygynda 5 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň
boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10 göterim artyp, ykdysadyýetiň
pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Bölek satuw haryt
dolanyşygy 13,2 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8,5 göterim ýokarlandy.
Ýanwar — sentýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,2 göterim,
çykdajy bölegi bolsa 96,3 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta
kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä,
11,8 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary,
talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň
hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 8,7 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilen işler, hususan-da,
dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň we durkuny täzelemek işleriniň barşy
barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli
kämilleşdirmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary
sazlaşykly ösdürmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy hem-de
wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny
artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek babatda şu
ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan
nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,7 göterim boldy. Nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 109,4 göterim ýerine
ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim, dizel
ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň
meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 103,1
göterim berjaý edildi. Şunuň bilen bir hatarda, polipropilen, suwuklandyrylan
gazy öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan
tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny
netijeli ulanmagyň wajypdygyny belledi. Häzirki zaman tehnologiýalaryny
ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagy dowam
etdirmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemegi yzygiderli kämilleşdirmek
zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň
ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň
welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Nygtalyşy
ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 112,9 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 102,3 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
100,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 136,4 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 124,2 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 104,6 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 101 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 109,9 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,6 göterime,
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime deň boldy. Maýa goýum
serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 259,7 göterim ýerine ýetirildi.
Welaýatlarda bugdaý ekişi
dowam edýär. Şunda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý ekijileri
netijeli işletmek, ekiş geçirilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak boýunça
zerur çäreler görülýär. Şeýle-de welaýatlarda pagta ýygymy dowam edýär.
Ýetişdirilen hasyly gysga wagtda ýygnap almak, pagta arassalaýjy kärhanalarda
kabul edilen hasyly gaýtadan işlemek boýunça degişli işler geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň, pagta
ýygymynyň depginini artdyrmagyň, welaýatlarda bugdaý ekişine gözegçilik
etmegiň, ýokary hasyl almak üçin zerur işleri geçirmegiň, maldarçylygy ösdürmek
we mallaryň baş sanyny artdyrmak işine aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi
hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Wise-premýer hasabatyny dowam
edip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, döwlet dolandyryş
ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr,
Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag, Lebap welaýatynyň Farap, Döwletli,
Garabekewül, Mary welaýatynyň Oguzhan etrap häkimlikleri döredildi we olaryň
işgär sany kesgitlenildi hem-de gurluşlary tassyklanyldy. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda geçirilen Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda birnäçe täze etraplary döretmek barada
Kararyň kabul edilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etraplaryna häkimleri we
häkimleriň orunbasarlaryny wezipä bellemek barada taýýarlanan resminamalara gol
çekendigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze bellenen ýolbaşçylara
üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu
ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen
önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105 göterim boldy. Gurluşyk
we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň
we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,3 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi boýunça 108,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 109,5 göterim
ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 101,1
göterime barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky
döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 103,3 göterim
berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça alnyp barlan işleriň möçberi
99 million manada deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň
möçberini has-da artdyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň, täze kärhanalary işe
girizmek, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça işleri dowam
etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere şu ýylda açylyp ulanmaga beriljek binalaryň we desgalaryň
gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda geçen dokuz aýda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Söwda we
daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş
depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 118,4 göterime,
öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy. Dokma senagaty
ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 107,5 göterim üpjün edildi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 116,7
göterime, nah matalaryňky 120,7 göterime, gön önümleriniňki 119,6 göterime deň
boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100
göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe Döwlet
haryt-çig mal biržasy tarapyndan 222 birža söwdasy geçirilip, olarda 21 müň 581
şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň dokuz aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça
ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 116,9 göterime deň boldy. Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş
depgini 107,2 göterime, senagat önümleriniňki 105 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynyň hem-de söwda nokatlarynyň azyk we
beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp durmagyň
wajypdygyny belledi. Söwda we hyzmatlar ulgamlaryny giňeltmegiň, döwrebap
kärhanalaryň sanyny artdyrmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek, dokma
kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmek
zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar —
sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip
yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz
öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli medeni
çärelerdir dabaralar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň
jemleri jemlendi. Şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we
sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, Döwlet münberiniň öňünde dabaraly
baýramçylyk ýörişi, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada
baýramçylyk konserti geçirildi. Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy
giňden wagyz etmek we geljek nesillerimize ýetirmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere
ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet edaralarynyň alyp barýan işini
kämilleşdirmek babatda edilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemäge gowy taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar —
sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge
gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy
usullary giňden ornaşdyryldy, okuw kitaplary neşir edildi. 1-nji synpa gadam
basan okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan
“Bilimli” noutbuk kompýuterleri sowgat hökmünde gowşuryldy. Türkmen halkynyň
Milli Lideriniň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti
dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Mundan başga-da, hasabat döwründe
orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň ençemesi açyldy. Şu döwürde mekdep
okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde 136 altyn, 156 kümüş, 128
bürünç, talyplar bolsa 62 altyn, 109 kümüş, 164 bürünç medala mynasyp boldular.
Öňüni alyş-bejeriş işleriniň
öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. “Saglyk” Döwlet
maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler geçirildi. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we
bejergiler amala aşyryldy. Bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri
taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi
boýunça halkara ýaryş, küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň
arasynda halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy
toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 754 medala mynasyp
boldular.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işini
talabalaýyk ýola goýmagyň, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap bilim bermek
işine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere milli saglygy goraýyş ulgamyny, sporty mundan beýläk-de
kämilleşdirmek boýunça işlere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar —
sentýabr aýlarynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň netijeleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde
dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen
daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň beren
tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat
döwründe degişli işler geçirildi.
Ýylyň başyndan bäri hormatly
Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan
Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş
saparlaryny, Ýaponiýa sapary, Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Hasabat
döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna,
Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna
saparlary boldy.
Şu ýylyň awgust aýynda “Awaza”
milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen,
Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Ermenistanyň
Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň
Başlygy Türkmenistana sapary amala aşyrdylar. 22-nji awgustda ýokary derejeli üçtaraplaýyn
duşuşyga gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de Özbegistan
Respublikasynyň Prezidentleri ýurdumyzda saparda boldular.
Türkmenistanyň Prezidenti
Birleşen Milletler Guramasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň işine gatnaşmak
maksady bilen, şu ýylyň 21 — 24-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş
sekretary, Eswatininiň Patyşasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti,
Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň
Prezidenti, Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyklary geçirdi.
Hasabat döwründe birnäçe ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň we ýokary wezipeli
wekilleriniň Türkmenistana saparlary boldy.
Sebitara we halkara guramalar
bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň
esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň,
Halkara sergiler býurosynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň
halkara guramasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş
sekretarlarynyň we beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň
Türkmenistanda saparda bolandygy bellenildi. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr
aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň
wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary özara gatnaşyklaryň
okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki
duşuşyklaryň 433-si geçirildi. Ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň we halkara
guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 2 müň 63-si
guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň
şertnama-hukuk binýadynyň üsti 134 resminama bilen ýetirildi.
Daşary syýasat edaralarynyň
ugry boýunça gatnaşyklar hem yzygiderli amala aşyrylýar. Hasabat döwründe
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi
guraldy. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary
wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de halkara hyzmatdaşlyk
boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň daşary
syýasy ugruny durmuşa geçirmekde ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary
giňeltmäge uly üns berilýär. Hasabat döwründe bu ugurda-da degişli işler dowam
etdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary yzygiderli
berkitmegiň, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýer, daşary işler ministrine Watanymyzyň Bitaraplyk baýramy bilen
bagly geçiriljek halkara çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2025-nji ýylyň
ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen
işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime deň boldy. Awtomobil, demir
ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 101,3
göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 104,9 göterim berjaý edildi. Hasabat
döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň
ösüş depgini 105,1 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň
ösüş depgini 113,6 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça
hyzmatlaryň ösüş depgini 114,9 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy
boýunça bu görkeziji 107,8 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa
120,1 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly
ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň
wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy dowam etdirmegi, halkara
üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça işleri alyp
barmagy tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň dokuz aýynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli
durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki
önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Ýurdumyzda senagat we durmuş
maksatly binalardyr desgalar açylyp ulanmaga berildi, ykdysadyýetimiziň
pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary yzygiderli
döwrebaplaşdyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek,
raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri üstünlikli
durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.