Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisiň agzalaryna ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, jenaýat
edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen
raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk
we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň
başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen
raýatlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek
boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 247 raýatyň
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek baradaky
Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz toparyň başlygyna hukuk goraýjy
edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan
boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar
ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz
günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden
hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan mundan
beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak,
döwletimiziň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak boýunça kanun
taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna
laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler
barada maglumat berdi. Şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň
diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň meseleleri boýunça okuw sapaklarynyň
geçirilendigi aýdyldy. Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we
Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň arasynda ikitaraplaýyn esasda
döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň sanly ulgam arkaly geçirilen
duşuşyklary barada habar berildi. Mundan başga-da, Mejlisiň deputaty Hytaý Halk
Respublikasynda guralan “Türkmenistan üçin Bütindünýä Söwda Guramasy barada
esasy düşünjeler” atly okuw maslahatyna gatnaşdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy
ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesine, BMG-niň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna, onuň
çäklerinde guraljak parlament forumyna taýýarlyk görlüşi barada-da aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň täze işlenip
taýýarlanylýan kanunlarda öz beýanyny tapmalydygyna, şoňa görä-de, döwrüň talap
edýän täze kanun taslamalaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine
ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2025-nji ýylda ýurdumyzyň
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin
Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde
tutulan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, degişli meýilnama laýyklykda, noýabr-dekabr aýlarynda Aşgabat şäherinde
SPECA-nyň Ykdysady forumyny, Dolandyryjy geňeşiniň 20-nji mejlisini hem-de
ugurlar boýunça iş toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, Ýewropa ykdysady
komissiýasy bilen bilelikde “SPECA günlerini” guramaçylykly geçirmek boýunça
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Oňa maksatnama agza ýurtlaryň ýokary derejeli
wekilleriniň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de bu guramanyň beýleki
ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara
bilermenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde
halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň möhüm bolup durýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu ýylyň
noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde göz
öňünde tutulan halkara çäreleri guramaga gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary
derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlary,
hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda “Galkynyş” gaz känini mundan
beýläk-de netijeli özleşdirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Aýratyn-da,
bu ýerdäki önüm berýän gaz guýularynyň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly
işlemegini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek
boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gaz
guýularyndaky işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmek maksady bilen, bu
ugurda taýýarlanan teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak işleri
alnyp barylýar. Şeýle hem pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki oba hojalyk
tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş
harmanhanalaryny, ýetişdirilen hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglary ýygym
möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekiljek
meýdanlarda sürüm we tekizlemek, bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri utgaşykly
dowam edýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk
idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady
bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda degişli
işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we
onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekilen meýdanlarda ideg
işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmegi, pagta arassalaýjy kärhanalary,
pagta hasylyny daşaýan awtoulaglary möwsüme taýýarlamagy, geljek ýylyň bugdaý
hasylynyň düýbüni tutmak we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň sarp edijileriniň
elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, döwletimiziň elektroenergetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, sarp
edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly we bökdençsiz bolmagyny üpjün
etmek maksady bilen, Energetika ministrligi tarapyndan elektrik
stansiýalarynda, dürli güýjenmeli asma elektrik geçiriji ulgamlarda, beketlerde
meýilnamalaýyn esasda abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. Şunuň bilen bir
hatarda, pudagyň kärhanalarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli
pugtalandyrylýar hem-de önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar. Munuň özi
energetika desgalarynyň bökdençsiz işlemegine ýardam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, sarp edijileri elektrik energiýasy
bilen bökdençsiz üpjün etmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Arkadagly
Gahryman Serdarymyz wise-premýere ýurdumyzyň bar bolan elektroenergetika
kuwwatyndan netijeli peýdalanmagy hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini
tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
milli taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy, döwlet
tarapyndan goralmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň
taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy
ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan
serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek
maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekdi we ony wise-premýere
sanly ulgam arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy täze okuw
ýylyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şu
ýylyň 23-nji awgustynda ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahatyny
geçirmegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň
bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirilen
wezipeleriniň geçen okuw ýylynda ýerine ýetirilişini seljerip, täze okuw
ýylynda ýetilmeli sepgitleri, öňde durýan wezipeleri kesgitlemek göz öňünde
tutulýar. Şeýle hem milli tejribä, halkara bilim standartlaryna görä,
kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, okuw-usuly toplumlaryny taýýarlamak,
mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, halypa-şägirt gatnaşyklaryny
ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahatda Gahryman
Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplary esasynda ýaş
nesillerde watançylyk, milli buýsanç duýgularyny terbiýelemek, sanly bilimi
ösdürmek, ýaşlaryň bilim bäsleşiklerinde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş
etmegini gazanmak, olary ylmy döredijilige, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly täze
okuw ýylynda meýilleşdirilýän işlere üns çekiler. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýaş nesle berilýän bilimiň ýokary
hilini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere 2025-2026-njy täze okuw ýylynda öňde durýan wezipelere bagyşlanan
bilim işgärleriniň maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça
guramasy (ÝUNESKO) bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagta çenli bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň halkara hukuk
binýadyny berkitmegiň çäklerinde Türkmenistan ÝUNESKO-nyň jemi 15 sany halkara
hukuk resminamasyna goşuldy. Bu resminamalardan gelip çykýan milli borçnamalara
laýyklykda, milli we köptaraplaýyn hödürnamalaryň çäklerinde maddy däl hem-de
taryhy-medeni, tebigy obýektleriň ençemesi ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna
girizildi. Guramanyň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ulgamlaýyn esasda
alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara
komiteti, Hökümetara okeanografiýa komissiýasy, Halkara gidrologiýa, «Adam we
biosfera», «Dünýä hakydasy» maksatnamalary, Uniwersitetler kafedralarynyň
arasyndaky hyzmatdaşlygy we torlaýyn özara gatnaşygy ýola goýmak boýunça
maksatnama (UNITWIN) hem-de beýleki halkara torlardyr institutlar bar.
Hususan-da, “UNITWIN” maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň 2 ýokary okuw
mekdebinde ÝUNESKO kafedralary açyldy hem-de degişli bilim ojaklarynda 6 sany
ÝUNESKO kluby döredildi. Şunuň bilen birlikde, Diýarymyzyň orta mekdepleriniň
6-sy bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna, Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasy Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine, Aşgabat şäheri bolsa
«Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy.
Sanly
bilim hem-de bu ugra degişli öňdebaryjy halkara tejribeleri milli derejede
ornaşdyrmak bilen bagly netijeli taslamalar Türkmenistanyň Bilim ministrligi
bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň
arasynda gol çekilen “Ýol kartasynyň” çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň çäginde öňe sürýän
ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady
bilen, birnäçe teklipleriň taýýarlanylandygy bellenildi. Hususan-da, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň güýzünde Samarkant şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş
konferensiýasynyň 43-nji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky
teklip hödürlenildi.
Ýokarda
agzalan “Ýol kartasynyň” çäklerinde Türkmenistanda şu ýylyň awgustynda 5 ugur
boýunça utgaşykly görnüşde halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şolaryň
hatarynda sanly bilim we emeli aň; Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli
aňyň ähmiýeti; emeli aňy milli bilim we ylym ulgamyna ornaşdyrmakda halkara tejribeler;
sanlylaşdyrmak we emeli aň tehnologiýalary arkaly bilim ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak; milli hünärmenleriň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmakda emeli
aň tehnologiýalarynyň ähmiýeti ýaly ugurlar bar. Şunuň bilen baglylykda,
maslahaty guramak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň jogapkär edip
kesgitlenilmegi teklip edilýär.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen
ÝUNESKO-nyň arasynda baglaşylan Çarçuwaly ylalaşyk boýunça döredilen
maksatlaýyn gaznanyň çäklerinde birnäçe taslamalary bu gaznanyň hasabyna
maliýeleşdirmek teklip edilýär. Şolaryň arasynda «Biziň mirasymyz»; «Ýaşlar,
parahatçylyk we howpsuzlyk»; Türkmenistanda geoseýilgähi döretmek; gadymy Amul
galasynyň goragyny berkitmek ýaly taslamalar bar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we
onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady
bilen taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli
pudaklaryny sanlylaşdyrmak we olara döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer döwlet edaralarynyň özara işiniň elektron maglumat ulgamy arkaly
utgaşdyrylmagyny, sanly hyzmatlary düzgünleşdirmek, bu ugurda zerur
kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek maksady bilen, «Elektron resminama,
elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Elektron hökümet
hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda zerur işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklip hödürlenildi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek,
döwlet edaralarynyň işini döwrebap guramak, innowasion tehnologiýalary
önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda «Elektron
hökümet» ulgamy babatda taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu aýdaky soňky mejlisiniň
geçirilýändigini, 1-nji awgustdan başlap oba hojalyk toplumynyň
ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylaryň zähmet
rugsadynyň başlanýandygyny aýtdy. Şeýle-de ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň
şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç
alyp biljekdikleri bellenildi. “Halkara çäreleriň geçýändigi bilen baglylykda,
käbir ýolbaşçylar zähmet rugsady döwründe guramaçylyk işine hem gatnaşarlar”
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylaryň ählisine
zähmet rugsady döwründe gowy dynç almagy arzuw etdi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.