Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar
Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň
gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan
işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we
abadançylygy üpjün etmäge, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň
birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat
döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk
we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, Milli goşunyň düzümlerine sanly
ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň
bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby
gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler barada
aýdyldy. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby
ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň çäklerinde
Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda
kämilleşdirmek hem-de ýokary hünär derejeli harby gullukçylary taýýarlamak
babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine raýatlary harby
gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça häzirki wagtda dowam edýän
işleriň guramaçylykly geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň
dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň
talabalaýyk berjaý edilişini üpjün etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn
çäreler hem-de prokuror gözegçiliginiň we prokuratura edaralaryny ösdürmegiň
maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň,
kanunçylyk namalarynyň takyk berjaý edilmegini üpjün etmekde prokuror
gözegçiligini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä
bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminama gol çekdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýylyň
başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik
düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, Ýangyn
howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler
barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň
howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilen biraýlygyň jemleri
barada aýdyldy. Onuň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň düzgünleriniň berjaý
edilmegini wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
içeri işler ministrine ýurdumyzda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol
hereketiniň kadalarynyň we ýangyna garşy göreş çäreleriniň berjaý edilişine
gözegçiligi amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew
hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda gözegçilik edýän
düzümleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugurda sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni
ornaşdyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
birlikde, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler,
hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady we Ýokary kazyýetiň
ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Milli howpsuzlyk ministri
N.Atagaraýew şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler,
degişli düzümlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we ministrligi ösdürmegiň
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň konstitusion gurluşyny, milli
howpsuzlygyny hem-de bähbitlerini ygtybarly goramak, milli howpsuzlyk
edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy
Ý.Nuryýew şu ýylyň dokuz aýynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak
boýunça durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde,
serhet goşunlarynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp
barylýan işler, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk
etmegi we ýaşaýşy üçin amatly şertleriň döredilýändigi barada aýdyldy. Döwlet
serhet gullugynyň ýolbaşçysy Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň
açylyp ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzda Watan goragçylary üçin yzygiderli alada
edilýändiginiň, harby özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky
beýanyna öwrülendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek,
harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi we bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary
berdi.
Adalat ministri M.Taganow hasabat
döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, işgärleriň hünär derejesiniň
ýokarlandyrylyşy, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň çäklerinde
teklipleri taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, döwletimizde hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak, kadalaşdyryjy hukuk
namalaryny taýýarlamak babatda ýerine ýetirilýän işleriň möhüm ähmiýetini
nygtap, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy
M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barlan
işleriň netijeleri, gullugyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady
bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda alnyp barylýan işleriň,
hususan-da, ýurdumyza getirilýän harytlaryň bellenen talaplara laýyk gelmegine
gözegçiligiň has-da kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda
gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy
A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň
işine öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak, bu düzümi ösdürmegiň
maksatnamasynda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek,
işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen çäreler
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, gullugyň işini döwrebaplaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini
yzygiderli ýokarlandyrmagyň, migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişine
gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe
görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň
dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň täze etraplarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň
degişli düzümlerini döretmek hakynda resminama gol çekdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, diňe goranyş
häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz,
hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede
üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň,
olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak
boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň
mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise
gatnaşyjylary Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby
ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesinde we üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs
ýürekden gutlady. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary
Watanymyzyň abadançylygy, asudalygy ugrunda harby kasama wepaly gulluk
etjekdiklerine ynandyrdylar.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň abadan
hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly
üstünlikleri arzuw etdi.