Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, siziň ähliňizi “EKSPO — 2025”
Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Sergä gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýärin. Döredilen
ajaýyp şertler üçin guramaçylara çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi döwletleriň,
halkara guramalaryň, ykdysady we maliýe institutlarynyň, işewürleriň arasynda
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem ykdysady, maýa goýum
gatnaşyklary üçin netijeli ugurlary, öňdebaryjy ideýalary, tehnologik
çözgütleri öňe sürýär.
Häzirki Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan
üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sergi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip
yglan etmegi bilen gabat gelýär. Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk
bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidir. Türkmenistanyň Milli
gününi açmak bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga, dürli
ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny bellemek
isleýärin.
Dünýäniň energetika taýdan öňdebaryjy
döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara
bazarlara ibermek üçin iri taslamalary öňe sürýär. Hyzmatdaşlar bilen bilelikde
möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýar. Türkmenistanyň sergisine
gelýänler ýurdumyzyň senagaty, oba hojalygy, dokma, himiýa senagaty,
syýahatçylyk pudaklarynda we beýleki ugurlarda ýeten sepgitleri bilen tanşyp
bilerler. Bu üstünlikleriň ählisi dürli pudaklarda milli ykdysadyýetimizi
döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriň netijeleridir.
Oýlanyşykly alnyp barylýan daşary ykdysady
syýasat döwletimiziň üstünlikli we durnukly ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar.
Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyz
halkara söwda, maýa goýum we tehnologik işlere gatnaşýar. Osakada geçirilýän şu
günki dabara hem Ýaponiýa bilen netijeli hem-de dostlukly hyzmatdaşlygy ýola
goýandygymyzy görkezýär.
Biziň ýurdumyz Ýaponiýa uzak möhletli,
ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Ýaponiýanyň köp sanly işewür toparlary
Türkmenistanyň ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag pudaklarynda iri maýa goýum
taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Bu işleri amala aşyrmakda
uly tagallalary edýändikleri üçin Ýaponiýanyň Hökümetine we işewürlerine
minnetdarlyk bildirýäris. Biz bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkideris.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Ýaponiýada Türkmenistanyň milli sergisini
görkezmek biziň üçin uly hormatdyr. Şu günki dabaranyň Bütindünýä sergisiniň
açylyşynyň ilkinji günlerinde geçirilýändigini aýratyn bellemek isleýärin.
Türkmenistanyň milli sergisiniň işewür gatnaşyklary ýola goýjakdygyna,
hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynanýaryn. Siziň
ähliňizi «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň
açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
(Osaka şäheri, 2025-nji ýylyň 14-nji
apreli)