Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi.
Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa
geçirmek bilen baglanyşykly gazanylan tejribäni paýlaşmak, şeýle hem
parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam
bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli, milli we sebit
derejelerinde alyp barýan syýasy işi arkaly Hereketleriň täze maksatnamasynyň
durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň tejribe alyşmagyna
ýardam bermek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň
parlamentleriniň öz kanunçykaryjylyk we beýleki işlerine Hereketleriň onýyllyk
maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin anyk çäreler babatda
maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de paýlaşmak forumyň esasy maksady bolup
durýar.
DÇBÖBD-iň parlamentleri bu döwletleriň geografiýa
taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly, meseleleri çözmäge gönükdirilen
Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýärler.
Kanun çykaryjy edaralar hökmünde parlamentler ulag infrastrukturasyny
kämilleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ykdysady durnuklylygy
pugtalandyrmaga ýardam berýän milli kanunlaryň kabul edilmegini hem-de
ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler.
Mundan başga-da, parlamentariler
Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň aýdyňlygyny, hasabatlylygyny
hem-de inklýuziwliligini üpjün edip, hökümetiň, raýat jemgyýetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda möhüm
köpri bolup çykyş edýärler. Olaryň işjeň gatnaşmagy milli we sebit
derejelerinde serişdeleri çekmäge hem-de hereketleri utgaşdyrmaga ýardam
berýär, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin zerur şert bolup
durýar.
Şeýle hem DÇBÖBD-iň parlamentleri
Maksatnamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmekde we baha bermekde esasy
orunlaryň birini eýeleýärler. Munuň özi bar bolan meseleleri öz wagtynda ýüze
çykarmaga we strategik ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Parlamentariler özleriniň kanunçykaryjylyk we gözegçilik wezipelerini ýerine
ýetirmegiň netijesinde, maýa goýumlar we innowasiýalar üçin amatly şertleri
döretmäge ýardam berýärler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň Az derejede
ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler
boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň Parlamentara Bileleşigi bilen
hyzmatdaşlykda guralan bu giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara
guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.