Düýn
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy
mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň
resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.
Baýdak
galdyrmak dabarasy möhüm çäräniň başlanýandygyny aňlatmak bilen, adatça, çäräni
kabul edýän ýurduň hem-de BMG-niň baýdaklarynyň galdyrylmagyny öz içine alýar.
Şu gezekki dabara Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ählumumy abadançylyga,
durnukly ösüşe gönükdirilen maksatlaryna ygrarlydygyny hem-de bu ugurda
tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek görkezdi.
Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, Birleşen Milletler Guramasynyň
esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän şu ýylda şeýle wekilçilikli forumyň
ýurdumyzda geçirilmegi wajyp ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy
abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary
pugtalandyrmak, durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak
ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça öňe sürýän
başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň
aýdyň beýanydyr. Giň gerimli foruma ençeme döwletleriň Baştutanlarynyň, abraýly
halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagy onuň
ähmiýetini has-da artdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara
derejeli çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigini
alamatlandyrýar.
Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahat Türkmenistan
bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açar.
Onuň giň gerimli maksatnamasy ösüş üçin zerur bolan wezipeleri çözmäge, uzak
möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlaryny kesgitlemäge
gönükdirilendir. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli
başlangyçlarynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek
subut eder.
Dabarada
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler
ministri R.Meredow çykyş edip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanda geçirilmeginiň diňe bir
uly hormat bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň Birleşen Milletler
Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna hem-de ýörelgelerine ygrarlydygynyň
aýdyň beýanydygyny belledi. Bu maslahata döwlet we hökümet Baştutanlary, ýokary
wezipeli adamlar, bilermenler, ýaşlar, dürli ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Möhüm ähmiýetli forum ösüp barýan ýurtlarda ýakyn onýyllyk üçin ileri tutulýan
täze ugurlary kesgitlär.
Nygtalyşy
ýaly, maslahat ösüşe baha bermäge, ýurtlaryň has-da ýakynlaşmagyna,
durnuklylygyna ýardam etjek strategiýalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.
“Biz bu forumyň öz işini Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80
ýyllygyna, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlaýandygyna örän şatdyrys” diýip,
wise-premýer, daşary işler ministri sözüni dowam etdi. Ýakyn günlerde Awaza
dostlaryň we hyzmatdaşlaryň duşuşýan, gatnaşyklaryň pugtalandyrylýan,
hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ýola goýulýan ýerine öwrüler.
Ol
bu möhüm duşuşygy taýýarlamaga gatnaşanlaryň ählisine, Birleşen Milletler Guramasyna
agza döwletlere, halkara guramalara, gyzyklanma bildirýän taraplara,
bilermenlere, maslahata gatnaşyjylaryň hemmesine tüýs ýürekden hoşallygyny
beýan edip, forumyň netijeleriniň örän ähmiýetli boljakdygyna, deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen,
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça
Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima çykyş edip, baýdak galdyrmak
dabarasyna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bu dabara Birleşen
Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatynyň resmi taýdan başlanýandygyny alamatlandyrýar. Bu günki
dabara diňe bir ajaýyp däp bolmak bilen çäklenmän, eýsem, raýdaşlygyň, şu
maslahatyň, tutuş BMG-niň işiniň many-mazmunyny kesgitleýän hyzmatdaşlyk
ruhunyň baýramydyr.
“Forumyň
«Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» diýen mowzugy
bilelikde baýdaklary galdyrmak çäresinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Munuň özi
bize deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hem-de olaryň 600
milliona golaý ilatynyň öňündäki jogapkärçiligimizi ýatladýar” diýip, hanym
Rabab Fatima aýtdy we Birleşen Milletler Guramasynyň adyndan Türkmenistanyň
Hökümetine hem-de halkyna mähirli kabul edendigi, myhmansöýerlik, giň gerimli
çäreleriň ýokary derejede guralýandygy hem-de Awazany pikir alyşmalar üçin
ajaýyp meýdança öwürmek babatda ähli tagallalaryň edilendigi üçin hoşallyk
bildirdi.
“Baý
medeni mirasa eýe bolan, halkara abraýy barha artýan Awaza, hakykatdan-da, her
on ýyldan bir gezek geçirilýän bu taryhy maslahat üçin mynasyp ýerdir.
Türkmenistanyň we BMG-niň baýdaklaryny galdyrmak bilen, biz deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler babatdaky maksatlarymyza hem-de wezipelerimize
gowy düşünýäris. Dünýä bileleşigini birleşdirýän möhüm ýörelgeleriň ähmiýetini
tassyklaýarys” diýip, hanym Rabab Fatima sözüni dowam etdi. Şu hepdede tutuş
dünýäden Liderler, hyzmatdaşlar we gyzyklanma bildirýän taraplar özleriniň
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen raýdaşlygyny tassyklamak
hem-de özgertmeler üçin täze ugurlary bellemek üçin Awazada jemlenerler.
Maslahat Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly durmuşa geçirmek üçin halkara
goldawy gönükdirýär. Bu geljege gönükdirilen täze, wajyp ähmiýetli resminama
düzümleýin özgertmeleri çaltlandyrmak, sebitleýin arabaglanyşygy gowulandyrmak,
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmak
üçin anyk “Ýol kartasyny” kesgitleýär. Ol adalatlylyk, durnuklylyk, ilkinji
nobatda, hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.
“Biz
bu ýere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň her birini dünýä
bazarlary bilen baglanyşdyrmak, ösüşe päsgel berýän ulag we söwda
bökdençliklerini aradan aýyrmak, biziň geljegimiz üçin zerur bolan howa babatda
maliýeleşdirmek, maýa goýumlary üpjün etmek üçin ýygnandyk. BMG-niň baýdagy
Türkmenistanyň Döwlet tugy bilen bilelikde galdyrylar. Olar biziň umumy
maksatlarymyzyň nyşany hökmünde bilelikde parlar. Goý, bu maslahat raýdaşlyga,
möhüm ähmiýetli çözgütlere hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletleriň öňündäki ählumumy borçnamalara beslenjek taryhy waka öwrülsin!”
diýip, hanym Rabab Fatima aýtdy we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilýän ýerini resmi taýdan açyk diýip
yglan etdi.
Çykyşlar
tamamlanandan soňra, dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň we BMG-niň
wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryna, degişlilikde, ýurdumyzyň we Milletler
Bileleşiginiň baýdaklary gowşurylýar. Şol wagt harby orkestr dabara sazyny
çalýar. Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler
Guramasynyň baýdaklary galdyryldy. Bu waka ählumumy parahatçylyga, rowaçlyga
ymtylmany alamatlandyrdy.
Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolandan soňra, Birleşen Milletler
Guramasynyň resmi nyşanlarynda orun alan zeýtun şahalarynyň şekilini Döwlet
tugunda şöhlelendirmegi ýurdumyzyň we bu guramanyň alyp barýan işleriniň
aýrylmaz baglanyşyklydygyny aňladýar. Döwletimiz BMG-ä agza bolan wagtyndan
bäri onuň ýakyn hyzmatdaşy hökmünde halklaryň arasynda dost-doganlygyň,
ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna
uly goşant goşýar. Garaşsyz Türkmenistan bildirilýän ynamy ödäp, ähli
syýasy-diplomatik, ykdysady mümkinçiliklerinden, öz ägirt uly parahatçylyk
döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar.
Şeýlelikde,
bu günki dabara ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmäge,
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandynyň dünýä jemgyýetçiligi
tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
tdh.gov