Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda
alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen,
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy pugtalandyrmak maksady bilen, şu
ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si, hususan-da, ýurdumyzyň
kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we ýük markalary hakynda halkara
Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak bilen bagly Kanunlar kabul edildi. Şeýle
hem Jenaýat, Arbitraž, Raýat we Jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet
gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil
ulagy, migrasiýa bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlar degişli üýtgetmeler
we goşmaçalar girizmek arkaly kämilleşdirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň
kararlarynyň 9-sy kabul edildi. Häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlaryna laýyklykda, döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden
ugur alyp, ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak,
saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek bilen bagly we beýleki kanun
taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 5-sinden ynanç hatlary kabul
edildi. Mejlisde ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň hem-de halkara
guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 19-sy geçirildi. Mejlisiň deputatlary
we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça
ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri, beýleki
abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guralan okuw maslahatlarynyň 36-syna
gatnaşdylar. Milli parlamentiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň
11-si amala aşyryldy.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzda täze kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň hem-de olaryň kämil, döwrebap bolmagyny
gazanmagyň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — aprel
aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş
depgini senagat pudagynda 0,6 göterime, gurluşykda 4,4 göterime,
ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda
4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,7 göterim artdy.
Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Şu ýylyň
dört aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt
dolanyşygy 12,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,2 göterim ýokarlandy. Döwlet
býujetiniň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi 97,6 göterim ýerine
ýetirildi.
Ýurdumyzyň
iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli
döwrüne görä, 11,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek
pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli
çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,4 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba
milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny mundan
beýläk-de ösdürmek, önümçiligi artdyrmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini
durnukly saklamak üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekip,
wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu
ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň
meýilnamasy 107,9 göterim ýerine ýetirildi. Bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan
işlemegiň meýilnamasy 105,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,3
göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, çalgy ýaglaryny
öndürmegiň meýilnamasy 110,4 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy
öndürmekde 111,7 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe tebigy we
ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 103,5 göterim ýerine ýetirildi
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny
artdyrmak boýunça degişli işleri alyp barmagyň, önümçilik desgalaryny doly
kuwwatyna çykaryp, bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.
Şeýle hem buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyryp, guýulary işe girizmegi
dowam etdirmek, bu ugurda ylmyň soňky gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary
önümçilige ornaşdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň
ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlarda
alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 117,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 101,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
104,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 140,4 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 129,9 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 114,1 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 101,3 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,9 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,3 göterime,
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime deň boldy. Hasabat
döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 353,5 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde gowaça ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar.
Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, galla oragy möwsümine
taýýarlyk görmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýazlyk ekilen ýeralma we
gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleri alnyp barylýar. Pile öndürijiler
tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap
almak boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem suwaryş we şor suw akabalaryny
arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli çäreler
görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly
peýdalanmagyň we netijeliligini ýokarlandyrmagyň, onuň maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi. Şeýle-de bol hasyl ösdürip
ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmeli
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda
şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasy 112 göterim berjaý edildi.
Gurluşyk we
binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 113,1 göterim, Senagat we
gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 116,7 göterim, Energetika ministrligi tarapyndan
önümleri öndürmegiň hem-de amala aşyrylan işleriň meýilnamasy 107,5 göterim
boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 113,7 göterime deň
boldy. Hasabat döwründe Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky
döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106,9 göterim,
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasy 112,7 göterim berjaý
edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumyna degişli
kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere mineral dökünleriň,
gurluşyk serişdeleriniň we beýleki gurluşyk harytlarynyň hilini hem-de
möçberini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri alyp barmagy, hereket edýän
önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak we täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça
işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde
we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar —
aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda
dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
123,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,6 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 112,8 göterim
üpjün edildi. Şol sanda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah
ýüplügiň önümçiligi 138,2 göterime, nah matalaryňky 148 göterime, gön
önümleriniňki 131 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça
önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 98 birža söwdasy geçirilip, olarda 9
müň 479 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Söwda-senagat
edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 101,3 göterim boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini
öndürmegiň ösüş depgini 112,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş
depgini 104,5 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda
azyk önümleriniň, zerur bolan beýleki harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde
saklamagyň, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini hem-de
görnüşlerini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň hilini
artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini
yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän
ulgamlarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýörite tassyklanan meýilnama laýyklykda, şeýle hem 2025-nji ýylyň
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik
Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan
ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly
Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen
bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli çäreler we aýdym-sazly çykyşlar
guraldy. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Ýurdumyzyň
welaýatlarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary
guraldy. Aprel aýynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa
Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň
konserti geçirildi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Beýik
Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy.
Bellenilişi
ýaly, halkara derejede hem dürli çäreler geçirilip, olarda Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmuny giňden
dabaralandyryldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleri
dünýäniň dürli döwletlerinde, şol sanda goňşy ýurtlarda geçirilen çärelere
gatnaşdylar. Şeýle-de kitaphanalar, muzeýler, Türkmenistanyň Taryhy we medeni
ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi,
Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada
hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy
taýýarlyk görmegiň, ýurdumyzdaky taryhy ýadygärlikleri we gymmatlyklary aýawly
saklap, olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça zerur işleri dowam
etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
ýurdumyzyň üstünliklerini giňden beýan etmek boýunça degişli işleri alyp
barmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda
şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Hasabat
döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda toplumlaýyn işler amala
aşyryldy, bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçylar
we talyplar halkara bäsleşiklerde ýokary işjeňlik görkezip, jemi 523 medal
gazandylar. Şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmäge
gönükdirilen özgertmeler dowam etdirilip, okuw kitaplarydyr gollanmalaryň
559-sy makullanyldy. Aspirantura, doktorantura hem-de alymlyk derejelerine
dalaşgärlige jemi 114 adam kabul edildi.
Hasabat
döwründe amaly lukmançylyga öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny
ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala
aşyryldy. Pediatriýanyň, onkologiýanyň, amaly lukmançylyga sanly
tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajyp meselelerine bagyşlanan saglygy goraýyş
boýunça XII Türkmen-german forumy geçirildi. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek
boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli
Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş, Arkadag şäherinde we
welaýatlarymyzda dürli medeni-sport çäreleri guraldy. Türgenlerimiz jemi 135
medala mynasyp boldular. Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş
söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça
halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş,
bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, bilim
edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek işine aýratyn üns bermegiň
zerurdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynyň
işini yzygiderli kämilleşdirmegi, bu ugurda lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny
giňden ornaşdyrmagy, ýaşlary bedenterbiýe, köpçülikleýin sport bilen
meşgullanmaga giňden çekmek üçin netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Fransiýa Respublikasyna amala
aşyran resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda,
ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Ýewropa
Bileleşigine girýän ýurtlar bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli
ösdürmekden ybaratdygy bellenildi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň
Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda sebit we
halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy pugtalandyrmaga,
durnukly ösüşe, ekologiýa, suw serişdelerine degişli meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz sebitimiziň
döwletleri bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek maksady
bilen, “Merkezi Aziýa — Fransiýa” täze formatyny döretmegi teklip etdi.
Milli
Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça möhüm
başlangyçlary, şol sanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-fransuz toparynyň işini güýçlendirmek hem-de onuň çägine ylmy-tehniki
we medeni-ynsanperwer ugurlary goşmak baradaky başlangyçlary-da öňe sürdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy maýa goýum we işewürlik
gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak, maliýe-bank ulgamynda bilelikdäki işleri
giňeltmek, şunuň bilen baglylykda, Türkmen-fransuz işewürler geňeşini döretmek
we bu geňeşe ýolbaşçylyk etmek üçin iki tarapdan tejribeli işewürleri bellemek
baradaky teklipleri beýan etdi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan
tarapyndan işlenip düzülen we işjeň öňe sürülýän ulag-logistika syýasatyny, iri
infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyjy öňe sürüldi. Şeýle hem sebitimiziň
tebigy-howa şertleriniň aýratynlyklaryny nazara alyp, Türkmenistanda suw üpjünçiligi,
tebigy gurşawy goramak boýunça amala aşyrylýan taslamalara fransuz tejribesini
ornaşdyrmakda bilelikde işlemegiň mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda fransuz diliniň öwredilişini ýola goýmak
boýunça ikitaraplaýyn iş alyp barmagyň mümkinçiliklerine seretmegi, saglygy
goraýyş ulgamynda özara hereketlere itergi bermek, hususan-da, lukmançylyk
enjamlaryny, bu ugurda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işleri
güýçlendirmegi teklip etdi.
Türkmen-fransuz
ykdysady forumy saparyň möhüm çäreleriniň birine öwrüldi. Oňa dostlukly ýurduň
meşhur kompaniýalarynyň we guramalarynyň 40-synyň ýolbaşçylarydyr wekilleri
gatnaşdylar. Forumyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri anyk teklipleriň
birnäçesini, şol sanda türkmen bazarynda fransuz önümlerini we hyzmatlaryny,
hususan-da, olary nebitgaz pudagy, kosmos tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw
serişdeleri, himiýa senagaty, farmasewtika we beýleki ugurlarda ulanmak
baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle-de ýurdumyzyň şäher ösüşi, metan
zyňyndylaryna gözegçilik etmek, geologiýa gözlegleri, “ýaşyl” we wodorod
energetikasy ýaly ugurlarda öňdebaryjy fransuz tejribesini ulanmaga gyzyklanma
bildirýändigi bellenildi. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz kiçi we orta
fransuz kärhanalaryny ýurdumyzda iş alyp barmaga çekmegiň mümkinçiliklerini
öwrenmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Fransiýanyň syýahatçylyk babatda dünýäde öňdäki
orunlary eýeleýändigini we Türkmenistanyň örän uly syýahatçylyk mümkinçiliklerini
göz öňünde tutup, geljegi uly bu pudakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky
teklibi beýan etdi. Şeýle hem ýokarda agzalan ähli ugurlar boýunça hünärmenleri
taýýarlamak babatda degişli teklip öňe sürüldi. Türkmen halkynyň Milli
Lideriniň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde iki
ýurduň ugurdaş edaralarynyň we kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn
gepleşikler geçirildi. Döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze
itergi beren saparyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 9-syna gol çekildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýewropa
döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet
berýändigini belledi. Şolaryň arasynda Fransiýa Respublikasynyň aýratyn ornuny
bellemek bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň resmi saparynda hem Fransiýa Respublikasy bilen
gatnaşyklary berkitmek boýunça netijeli gepleşikler geçirildi diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi we wise-premýer, daşary işler ministrine dostlukly ýurt
bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde
mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Wise-premýer,
daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip, şu ýylyň dört aýynda
Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň
çäklerinde dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilen daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýär. Döwletara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlardyr gepleşiklere aýratyn
orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 3-4-nji aprelinde hormatly
Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrandygy hem-de
Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki
birinji sammite gatnaşandygy bellenildi. 13 — 16-njy aprel aralygynda döwlet
Baştutanymyz Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy.
Şu ýylyň
ýanwar aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygynda saparda boldy. 21 —
24-nji aprel aralygynda Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz
Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparlary amala aşyrdy.
Fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany
ýurdumyzda iş saparynda boldy. Mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň
Türkmenistana resmi sapary boldy. Aprel aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi.
Hasabat
döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň
wekiliýetleriniň daşary ýurtlara bolan saparlary özara bähbitli gatnaşyklaryň
okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki
duşuşyklaryň 237-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurtlaryň we halkara
guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 908-si guraldy.
Ýylyň başyndan bäri halkara resminamalaryň 54-sine gol çekildi. Daşary syýasat
edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar we geňeşmeler hem
yzygiderli häsiýete eýedir. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary
pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň dünýä ýurtlary bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdygyny, şeýle hem ýurdumyzyň halkara
guramalar bilen gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler
ministrine bu ugurdaky gatnaşyklary kämilleşdirmegi hem-de ösdürmegi dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini
116,6 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary
arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 103,7 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy
102,3 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň dört aýynda “Türkmendemirýollary”
agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime,
“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,1 göterime, “Türkmenhowaýollary”
agentligi boýunça 123,9 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça
110,6 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 121,2 göterime deň
boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler
barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag-kommunikasiýalar toplumynyň işini
döwrebaplaşdyrmagyň, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns
bermegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
agentligiň ýolbaşçysyna aragatnaşyk-kommunikasiýa kärhanalarynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagy, sanly tehnologiýalary
ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen tejribe
alyşmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz
ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul
eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini
aýtdy. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly
saklanýar. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze
şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki
binalaryň we desgalaryň gurulmagy dowam edýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna
laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam
etdirmegiň, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň
wajypdygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda uly baýramyň — 1941 — 1945-nji
ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň giňden
belleniljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Halk
hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gahrymanlarymyzy hatyralap gül goýmak
dabarasynyň geçiriljekdigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ministrler
Kabinetiniň agzalaryny hem-de mähriban halkymyzy Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen
tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler
Kabinetiniň agzalary hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy Beýik
Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy bilen mähirli gutladylar.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov