Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat
şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy
goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem iş
maslahatyny geçirdi.
Halkymyzyň saglygyny, bagtyýar
durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy
başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli
amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen
baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet
maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli
durmuşa geçirilmegi esasynda soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň
maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar,
öňdebaryjy dünýä tejribeleri, ylmyň soňky gazananlary işjeň ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, ugurdaş
desgalaryň gurulmagy bilen bir hatarda, ýokary bilimli hünärmenleriň
taýýarlanylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň halkara
ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin
mümkinçilikleri döredýär.
...Ir bilen döwlet
Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Bu ýerde hormatly
Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş
maksatly desgalaryň, şol sanda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly
hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny
goraýyş merkeziniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk
öýüniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary barada hasabat
berdi. Bu täze guruljak saglygy goraýyş desgalary ýurdumyzyň lukmançylyk
edaralarynyň üstüni ýetirip, olar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň
döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylar we halkymyza halkara
ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlär. Munuň özi Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň
çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda amala
aşyrylýan işleriň nobatdaky beýanyna öwrüler.
Hormatly Prezidentimiz ähli
binalarda bolşy ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy
meýilleşdirilýän täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyk işlerinde-de ýokary
hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň
möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz saglyk
edaralarynyň ylmyň soňky gazanan döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy,
şol sanda olarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy babatda anyk
tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda keseli
bejermekden ozal, onuň öňüniň alynmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly
Gahryman Serdarymyz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zähmet çekmegi
üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp, bu saglygy goraýyş desgalarynda zähmet
çekjek lukmanlaryň ýokary hünär derejesini üpjün etmek meselesine uly ähmiýet
bermelidigini we bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen özara
hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, hususan-da, onlaýn okuw sapaklarynyň
guralmagynyň zerurdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan
işleriň ýagdaýyna seredildi we käbir beýleki meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde amala
aşyrylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine
ýetirilmegi üçin zerur çäreler görülýär.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman
senagaty işgärleriniň gününe taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen
işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl
boldy. Bu döwürde maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ösüşler gazanyldy.
Aşgabat şäheriniň häkimi
R.Gandymow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli
paýtagtymyzda guraljak dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda Aşgabady has-da abadanlaşdyrmak maksady bilen, degişli işler ýerine
ýetirilýär.
Soňra saglygy goraýyş we
derman senagaty ministri M.Mämmedow ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Hasabatda nygtalyşy ýaly, Milli Liderimiziň
başlangyçlary esasynda halkymyzyň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny
uzaltmak, ilkinji nobatda, islendik keseliň öňüni almak boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Şunda saglyk merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, lukmanlar halkymyzyň
saglygyny goramak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.
Döwlet Baştutanymyz iş
maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny
ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini, raýatlarymyzyň saglygyny goramak boýunça
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de «Saglyk» Döwlet
maksatnamasy esasynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly halkara saglyk
merkezleriniň, döwrebap hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurlup ulanmaga
berilýändigini aýtdy. 10-njy oktýabrda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman
senagaty işgärleriniň güni giňden bellenip geçiler. Şu mynasybetli köp sanly
möhüm ähmiýetli çäreler, şol sanda halkara çäreler geçiriler. Saglygy goraýyş
desgalary açylyp ulanmaga berler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
düýbi tutuljak saglygy goraýyş maksatly desgalaryň hem saglygy goraýyş ulgamyny
mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Saglygy
goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli saglygy goraýyş
desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gowy taýýarlyk görmegiň, «Saglygy
goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe»
atly halkara sergini we ylmy maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça
guramaçylyk işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli
ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
TDH