Çuňňur
hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalara beslenýän günlerinde
Ýaponiýa amala aşyran saparyňyzyň üstünlikli geçmegi mynasybetli türkmen
halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, dünýä döwletleri
bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda
alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw
edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik,
hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty
barha rowaçlanýar. Siziň baştutanlygyňyzda alnyp barylýan daşary syýasat
strategiýamyzda dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman
sebitiniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň biri bolan Ýaponiýa bilen
hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ilerletmäge uly ähmiýet berilýär. Geçen ýyllaryň
dowamynda Ýaponiýa bilen uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan strategik gatnaşyklar
ýola goýuldy. Siziň Ýaponiýanyň Imperatory bilen bolan duşuşygyňyz Onuň
Alyjenabynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli we netijeli gatnaşyklary
ösdürmäge şahsy ygrarlylygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Şeýle hem ol ýurdumyz
bilen Ýaponiýanyň arasynda ozal ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmek
boýunça alnyp barylýan syýasatymyzyň dowam etdirilýändigini tassyklady.
2019-njy ýylda Onuň Alyjenabynyň tagta çykmak dabarasy wagtyndaky duşuşygymyz
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim bolupdy. Siziň Ýaponiýanyň
Imperatory bilen geçiren bu duşuşygyňyzyň hem netijeli gatnaşyklary mundan
beýläk-de ösdürmekde täze tapgyr boljakdygyna ynanýaryn.
Sapar
wagtynda Siziň Tokioda Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen geçiren
gepleşikleriňiz özara bähbitli gatnaşyklarymyzy mazmun taýdan has-da
baýlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Ýokary derejede geçen bu gepleşikler
türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlar, ýagny syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini
we üstünlikli dowam etdirilýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň
baştutanlygyňyzda häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri
daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň köpüsiniň, şol sanda Ýaponiýanyň ýurdumyz bilen
ykdysady gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmäge gyzyklanmasynyň barha artmagyna
ýardam edýär. Ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda Diýarymyzyň çar
künjeginde iri senagat kärhanalary gurlup, bu ugurda baý tejribe toplandy. Siz
ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygyňyzda iri ýapon kompaniýalarynyň
Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp baran üstünlikli işine ýokary baha
berilýändigini aýtdyňyz. Şol kompaniýalar dürli ýyllarda Mary welaýatynda
ammiak we karbamid, Gyýanlyda polietilen we polipropilen, Ahal welaýatynda
tebigy gazdan benzin öndürýän döwrebap senagat kärhanalarynyň taslamalaryny
durmuşa geçirmekde özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Siziň
saparyňyzyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen täze resminamalar bolsa
bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň pugta hukuk binýadyny
goýdy.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň
bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji saparyňyz baý mazmuna eýe bolup,
türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze tapgyrynyň başyny başlady. Siziň Ýaponiýanyň
Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň
Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagyňyz Bitarap Watanymyzyň
ählumumy ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmaga bildirýän uly
gyzyklanmasyny nobatdaky gezek äşgär etdi.
Türkmenistanyň
sergä gatnaşýan 160-a golaý ýurduň arasynda öz Milli gününi ilkinji bolup
geçirmegi ýurdumyza bildirilýän uly hormatdan nyşan bolup, biziň buýsanjymyzy
has-da artdyrýar. Siziň belleýşiňiz ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýän bu iri gözden
geçiriliş ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary üçin netijeli ugurlary, öňdebaryjy
ideýalary, tehnologik çözgütleri öňe sürýär. Türkmenistanyň pawilýonynyň
özboluşly binagärlik aýratynlygy, döwrebaplygy hem-de milli öwüşginliligi bilen
tapawutlanmagy ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmak
üçin bu ýere gelýän köp sanly myhmanlarda aýratyn täsir galdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň
döwlet syýasatyňyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, bu ugurda halkara
hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bilim
edaralary bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag
edaralarynyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hem munuň aýdyň
mysalydyr. Şolaryň hatarynda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri-de mynasyp orny
eýeleýär. Hususan-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
instituty, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
degişli ylalaşyklar hereket edýär. Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi
bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça
bilelikdäki ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek
hakynda Ähtnama gol çekildi. Bularyň ählisi talyplary we mugallymlary alyşmak
işini ilerletmäge, bilelikdäki ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmäge hem-de
olaryň netijelerini tejribä ornaşdyrmaga zerur şertleri döredýär.
Pursatdan
peýdalanyp, Sizi dünýäniň abraýly bilim ojaklarynyň biri bolan Sukuba
uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi mynasybetli
tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň bu abraýly derejä mynasyp bolmagyňyz bu ugurda
edilýän tagallalara ýokary baha berilýändigini alamatlandyryp, dostlukly
gatnaşyklarymyzy has-da berkidýär. Siziň baştutanlygyňyzda innowasion serişdeleri
döretmekde, nou-haulary ulanmakda, dürli ulgamlarda döwrebap dolandyryş
çözgütlerini işläp taýýarlamakda we ornaşdyrmakda Ýaponiýa bilen alnyp barylýan
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi
Ýaponiýa amala aşyran saparyňyzyň üstünlikli geçmegi hem-de saparyň dowamynda
Size Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi
mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak,
il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç
bolsun!
Sizi
hormatlamak bilen,
Türkmen
halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag
Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW.
tdh.gov