Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, şu
günler ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny
tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary,
däne ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça
degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu
jogapkärli möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur
çäreler görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan
meýdanlarda hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatda
pile öndürmek möwsümini üstünlikli tamamlamak babatda degişli çäreler görülýär.
Mundan başga-da, häkim her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde behişdi
ahalteke bedewlerimiziň şanyna bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy
mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de öz
wagtynda tamamlamak, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmek üçin ähli
zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary
berdi.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde
kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme
doly taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi
dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan
meýdanlarda bolsa hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri
dowam edýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine
ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda sebitde pileçi kärendeçiler tarapyndan
ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatda
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerini
guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da,
gowaça ekişiniň, galla oragyna taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk
derejesinde alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime
degişli tabşyryklary berdi.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny
tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin
welaýatyň çägindäki galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary,
beýleki tehnikalary möwsüme taýýarlamak işleri dowam edýär. Sebitde gowaça
ekişini ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görlüp, şunda oba hojalyk
tehnikalary netijeli işledilýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi
işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda pile öndürmek boýunça
bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pileçi
kärendeçilere ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak işlerine girişildi. Şeýle-de
häkim Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän
medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň guramaçylykly geçirilmeginiň,
oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ýerine ýetirilmeginiň, galla oragyna ykjam taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini
belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, galla
kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur
çäreler görülýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalary we gurallar doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda
gögeriş suwuny tutmaga, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi işlerini
geçirmäge girişildi. Ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda-da ideg işleri
dowam edýär. Şeýle-de welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany doly ýerine
ýetirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Türkmen
bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän
medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň guramaçylykly we agrotehniki
möhletlerde geçirilmegini, galla oragyna talabalaýyk taýýarlyk görülmegini
ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary
berdi.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Şeýle hem galla kabul
ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary, beýleki tehnikalary
bugdaý oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça
ekişini ýokary hilli geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Bu ugurda oba
hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Gögeriş alnan meýdanlarda
hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň
öndürilýän möçberini artdyrmak we bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek
boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda ideg işleri dowam etdirilýär. Sebitde pile öndürmek möwsümini
talabalaýyk geçirmek we bu ugurdaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin
hem zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, häkim her ýylyň aprel aýynyň
soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň
kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we
häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça ekişi
guramaçylykly dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli
işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy
tutulýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär.
Ýeralma, gök-bakja hem-de beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg işleri
alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine
ýetirmek hem-de ýurdumyzyň ýüpek kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek
maksady bilen, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär.
Şeýle hem wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý
zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak
babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berk
berjaý edilmeginiň, bu işlerde kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň doly güýjünde
işledilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we
ekinlerden bol hasyl almaga ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň
ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we
gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmeginiň, bugdaýa ideg etmek işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň, galla oragyna gowy
taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýazlyk
ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, ýurdumyzyň tokaý
zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin
ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli
welaýatlarda medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny jemläp,
oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde
uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov