Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde hormatly myhman
hökmünde “Russiýa—Yslam dünýäsi:
KazanForum-2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşar.
Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary
ugratdylar.
Türkmenistanyň
bu foruma gatnaşmagyna ýurdumyz Russiýa Federasiýasy we Yslam dünýäsi bilen
köpugurly gatnaşyklary saklamak, syýasy,
ykdysady, söwda, medeniýet we gumanitar ugurlar boýunça uzakmöhletleýin
hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan seredýär.
Russiýa
Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlyk bu prosessiň möhüm tarapy bolup
durýar. Olaryň arasynda Tatarystan Respublikasy güýçli gor-senagat
mümkinçilikleri, şeýle-de iki doganlyk halklaryň arasyndaky taryhy
arabaglanyşyk sebäpli aýratyn orun eýeleýär.
Soňky
wagtlarda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklara olary täze
hilli derejä çykarýan goşmaça kuwwatly itergi berildi.
Ykdysadyýet,
söwda we ulag pudaklarynda Tatarystanyň edara-kärhanalary we kompaniýalary
bilen hyzmatdaşlyk netijeli ösýär. Oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän
senagatda geljekki ähmiýetli
mümkinçilikler açylýar. Bilim, ylym, medeni we ynsanperwer ugurlardaky
gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.
Häzirki
wagtda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köptaraply we
netijeli gatnaşyklar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky
çuňlaşdyrylan strategiki hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm bölegi bolup çykyş
edýär.
Şonuň
üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazana bolan saparynyň dowamynda Gahryman
Arkadagymyzyň Russiýanyň ýolbaşçylary, Russiýanyň hökümetiniň ýokary derejeli
wekilleri bilen duşuşyklarynyň meýilleşdirilýändigi kanunalaýykdyr.
Türkmenistanyň
Kazan forumyna wekilçilikli gatnaşmagynyň her ýyl oňa gatnaşyjylaryň arasynda
biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmany artdyrýandygyny, Türkmenistanyň Yslam
dünýäsinde barha artýan abraýyna, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işinde
konstruktiw we döredijilikli ornunyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýändigini
aýtmak gerek. Hususan-da, ýöriteleşdirilen düzümleriň – Yslam Ösüş Bankynyň we
Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam guramasynyň işleriniň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan
öňe sürülýän başlangyçlara we tekliplere berilýän ýokary baha munuň
subutnamasydyr. Türkmenistan bu guramalarda işlemegiň uly we oňyn tejribesini
hyzmatdaşlary bilen, şol sanda “KazanForum” forumynyň meýdançalarynda hem
paýlaşmaga taýýar.
Forumyň
çäklerinde her ýyl geçirilýän “Russiýa Halal Expo 2025” halal senagatynyň
halkara sergisi geçirilýär. Hemişe bolşy ýaly, şu ýyl hem bu sergide
Türkmenistanyň milli ekspozisiýasy köp görnüşliligi, bollugy bilen
tapawutlanýar hem-de gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň gyzyklanmasyny döredýär.
Onda milli senagatyň we oba hojalygynyň dürli pudaklaryny görkezýän türkmen
öndürijileriniň önümleriniň köp görnüşi görkezilýär. Bilermenleriň pikiriçe,
türkmen önümleri iň ýokary hilli bolup, olar iň gowy dünýä standartlaryna laýyk
gelýär. Soňky ýyllarda türkmen önümleriniň Russiýa eksportynyň durnukly ösüşi
gazanylýar. Türkmen ekspozisiýasynyň Kazandaky üstünligi hyzmatdaşlygy
giňeltmek we beýleki ýurtlar bilen hem işewürlik we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
ýola goýmak üçin mümkinçilikler açýar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kazana
sapary, geçiriljek duşuşyklar we gepleşikler türkmen-rus döwletara
hyzmatdaşlygyny ösdürmek we çuňlaşdyrmak prosessinde möhüm waka bolar, şeýle hem
ýurdumyzyň Yslam dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklaryny ep-esli
pugtalandyrar, birek-birege hormatly, konstruktiw we özara bähbitli
hyzmatdaşlyk üçin täze şertleri döreder.
tdh.gov