Ýurdumyzyň
gurluşygynyň, senagatynyň we energetikasynyň ýeten sepgitlerini dünýä
jemgyýetçiligine ýaýbaňlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan «Türkmenistanyň
gurluşygy, senagaty, energetikasy ─ 2024» atly halkara sergisi we
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahaty
dowam edýär.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda 3 günläp guralýan bu gözden
geçirilişde Özbegistan Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Birleşen
Arap Emirliklerinden, Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan,
Eýran Yslam Respublikasyndan, Ýaponiýa döwletinden, Gazagystan Respublikasyndan
hem-de Hindistandan gatnaşýan ýüze golaý kompaniýalaryň wekilleri türkmen
kärdeşleri bilen degişli pudaklarda alyp barýan işleri boýunça birek-birek
bilen tejribelerini paýlaşýarlar.
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika
pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatda Türkmenistanyň gurluşygynda, senagatynda we energetikasynda täze depginlere aýratyn
üns çekilip, özara hyzmatdaşlygyň
geljegi hakynda pikir alşyldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.