06.11.2026
2026-njy ýylyň 5-10-njy noýabry aralygynda Hytaý Halk
Respublikasynyň Şanhaý şäherinde «Hytaý halkara import EXPO» halkara sergisi
geçirilýär. Dünýäniň köpsanly ýurtlaryň eksport mümkinçilikleri
ýaýbaňlandyrylan sergä ýurdumyz öz milli pawilýony bilen gatnaşýar. Milli
pawilýonda Türkmenistanyň dürli pudaklarynda öndürilýän önümler,
ykdysadyýetimiziň eksport we maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem türkmen
halkynyň baý taryhy-medeni mirasy görkezilýär. Bu bolsa, milli önümlerimizi
halkara bazarlarynda ilerletmek, täze işewür hyzmatdaşlary tapmak we daşary
ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döredýär.
«Hytaý halkara import EXPO» halkara sergisiniň çäklerinde
6-njy noýabrda Şanhaý şäherinde Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda,
«Türkmen Maslahatçylar Topary» hojalyk jemgyýeti hem-de Hytaý Halk
Respublikasynyň Halkara söwdany ösdürmäge ýardam bermek baradaky komitetiniň
Şanhaý şäheri boýunça müdirligi bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Forumda Türkmenistanyň
wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy ýolbaşçylyk
etdi.
Türkmen-hytaý işewürler forumyna «Merkezi Aziýa - Hytaý»
formatynyň Baş sekretarynyň orunbasary N. Izraýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Halkara
söwdany ösdürmäge ýardam bermek baradaky komitetiniň Şanhaý şäheri boýunça başlygy
Ýang Dunsen, şol geňeşiň Şansi welaýaty boýunça başlygy Sýa Çžen,
Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi P.Durdyýew, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň
işewür toparlarynyň 400-e golaý wekili gatnaşdy.
Forumyň işi plenar mejlis we bäş sany mowzuklaýyn bölümler
boýunça guraldy. «Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşleri: strategik hyzmatdaşlygyň täze
tapgyry» atly plenar mejlisde Türkmenistanda hususy pudak üçin döredilýän
amatly şertler, telekeçileriň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goraglylygy,
ýurdumyzyň maýa goýum we senagat kuwwaty barada giňişleýin maglumat berildi.
Türkmen-hytaý işewürler forumynyň beýleki mowzuklaýyn
bölümlerinde türkmen-hytaý söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek we haryt
dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, häzirki zaman önümçilik tehnologiýalary
ulgamynda senagat kooperasiýasyny ösdürmek, sebitde ulag-logistika
arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerinden
peýdalanmak, işewürlik işini sanlylaşdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, oba hojalyk we azyk senagaty ulgamyndaky
hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şunda, suw tygşytlaýjy
tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk tehnikalary bilen üpjünçilik,
maliýeleşdirmek, azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy bilen bagly meseleler
boýunça pikir alşyldy.
Forumyň çäklerinde «Ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary
pugtalandyrmak: Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk. Taryhy-medeni
mirasy wagyz etmek» atly ugurdaş «tegelek stol» maslahaty hem
geçirildi. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary
ösdürmegiň, syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmegiň hem-de halklarymyzyň
baý taryhy-medeni mirasyny giňden tanyşdyrmagyň geljegi ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara
gol çekmek dabarasy geçirildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasy bilen Hytaý - Ýewraziýa sergisiniň
sekretariatynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama
hem bar. Çäräniň dowamynda şeýle hem, işewür
toparlaryň wekilleriniň arasynda «B2B» we «B2G» görnüşindäki ikitaraplaýyn
duşuşyklar hem geçirildi. Olaryň barşynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak,
geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmak we özara bähbitli ylalaşyklary
gazanmak üçin mümkinçilikler döredildi.
Forumyň dowamynda hytaýly işewürler Türkmenistanda
telekeçilik işini guramak we alyp barmak bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan
sowallara jogap aldylar. Öz gezeginde, türkmen telekeçileri Hytaý Halk
Respublikasyna eksport edilýän önümlere bildirilýän talaplar, bu ýurduň
bazaryna çykmagyň şertleri we mümkinçilikleri, ilkinji nobatda, azyk hem-de oba
hojalyk önümlerini ibermegiň geljegi bilen tanyşdylar.
Türkmen-hytaý işewürler forumynyň geçirilmegi iki
ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek, söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmek we özara bähbitli taslamalary
durmuşa geçirmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.
7-nji noýabrda forumyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynda
senagat enjamlaryny we gurluşyk materiallaryny öndürmäge ýöriteleşen
kärhanalara baryp görmek bilen dowam etdiriler.