2024-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine saparynyň çäklerinde türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyna awstriýa tarapyndan Awstriýa Respublikasynyň Federal zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň Ykdysady meseleler, innowasiýa we halkara syýasaty boýunça baş müdiri Florian Frauşer we türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy ýolbaşçylyk edýär.
Duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň we işewür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Taraplar hususan-da türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň 12-nji mejlisiniň guramaçylyk meselelerini hem ara alnyp maslahatlaşdylar. Toparyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň iýun aýynda Awstriýa Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.