Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

02.07.2026
31

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy 2026-njy ýylyň 28-nji iýuny – 2-nji iýuly aralygynda Ýaponiýada iş saparynda bolup, saparyň çäklerinde türkmen-ýapon söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de “Green Expo-2027” halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň gatnaşygyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly birnäçe möhüm duşuşyklary we maslahatlary geçirdi.

Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji wise-prezidenti Takafumi Suzuki bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň, işewür toparlaryň özara saparlaryny işjeňleşdirmegiň, şeýle hem nobatdaky türkmen-ýapon işewürler forumyny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Şeýle-de “Green Expo-2027” halkara bagbançylyk sergisiniň assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Koji Haçiýama bilen duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistanyň milli pawilýonyny ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlamak, serginiň çäklerinde ýurdumyzyň Milli gününi geçirmek hem-de taýýarlyk işleriniň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alşyldy. Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

         Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Ýokohama şäherinde geçirilen “Green Expo-2027” halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň plenar mejlisine hem gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda milli pawilýonynyň deslapky konsepsiýasy tanyşdyryldy.

         Duşuşyklarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi üpjün etmek, biodürlüligi gorap saklamak we ýaşyl zolaklary giňeltmek ugrunda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň halkara ekologik başlangyçlar bilen sazlaşýandygy aýratyn nygtaldy.

     Duşuşyklaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar diňe bir ykdysady hyzmatdaşlygy däl, eýsem, ekologiýa we durnukly ösüş ýaly häzirki zamanyň möhüm ugurlarynda hem täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine itergi berer. Munuň özi, “Green Expo-2027” halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmagyň Türkmenistanyň “ýaşyl” ykdysadyýet we durnukly ösüş ugrundaky netijeli döwlet syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmakda täze mümkinçilikleri açjakdygyny subut edýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.

         


Bulary hem okaň