2024-nji ýylyň 29-njy
aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde Halkara sergiler býurosynyň
binasynda Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň wekiliýeti, şol sanda Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň wekili hem gatnaşdy.
Türkmenistan
Halkara sergiler býurosynyň agzasy bolmak bilen, bu guramanyň geçirýän
mejlislerine we beýleki çärelerine, şeýle hem dünýä we ýöriteleşdirilen
sergilere işjeň gatnaşýar.
Mejlisde Türkmenistanyň
wekiliýeti Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty
netijesinde halkara sergi işini ösdürmekde ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar
we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigini nygtap, «Türkmenistanyň
halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna»
laýyklykda, Halkara sergiler býurosynyň indiki mejlisleriniň biriniň Aşgabat
şäherinde geçirilmegini teklip etdi. Bu teklip komitetiň sekretariýaty, şeýle
hem onuň agzalary tarapyndan goldanyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.