Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 3
gün dowam eden giň gerimli sergide ýurdumyzyň söwda toplumuna wekilçilik
edýän ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, hususy önüm öndürijileriniň
diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy.
Bu
çäräniň dowamynda gazanylan üstünlikler bezegli sergi ekspozisiýalarynyň üsti
bilen giň jemgyýetçilige ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi ýurdumyzyň dokma, haly, söwda we jemgyýetçilik iýmiti ulgamlarynda gazanylan üstünlikleriň, milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ýeten sepgitleriniň hem-de geljekki ösüş ugurlarynyň görkezilýän möhüm ähmiýetli meýdançasyna öwrüldi.
Garaşsyzlyk
ýyllarynda belent sepgitleri eýelän ýurdumyzyň söwda toplumunyň bu gözden
geçirilişiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize bu çäräni
ýokary derejede geçirmäge döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin çäksiz
hoşallyk bildirdiler hem-de sergä gatnaşyjylaryň adyndan ýüzlenme kabul
etdiler. Şeýle hem serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar
gowşuryldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.