2024-nji
ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda
toplumynyň sergisi açyldy. Sergi gazanylan üstünlikleri hem-de Türkmenistanda harytlaryň
öndürilişiniň möçberini giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde geljekki
mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir.
Serginiň
açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň
hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary
ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Sergi
merkeziniň giň zallarynda baýramçylyk ýagdaýy dabaralandy. Döredijilik
toparlary sergä gatnaşyjylary we onuň myhmanlaryny aýdym-sazly çykyşlar bilen
garşyladylar.
Bu ýere
ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara
iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda
nygtalyşy ýaly, harytlarymyzyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň
içerki bazarynda haryt bolçulygyny berkitmekde, daşary söwdany giňeltmekde oňat
netijeler gazanylýar. «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly harytlar bu gün dünýä
bazarlarynda giňden tanalýar we ýokary hili, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.
Häzirki
sergi milli söwda pudagynyň özboluşly gözden geçirilişi bolup, pudagyň
ösüşiniň, içerki bazaryň, öndürijileriň eksport mümkinçilikleriniň ýagdaýlaryna
baha bermäge mümkinçilik döredýär. Onuň çäklerinde ýurduň söwda toplumynyň
gazananlary, ýerli kärhanalaryň harytlary, şol sanda azyk, senagat önümleri,
sarp ediş harytlary, haly we dokma önümleri görkezilýär.
Sergi täze
üstünlikleri gazanmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, onuň
ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, jemgyýetimiziň gülläp ösmegine
gönükdirilen anyk hereketleri ýerine ýetirmäge itergi berýär.
Türkmenistanyň
söwda toplumynyň sergisi 5-nji aprele çenli dowam eder.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.