PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler

27.03.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň aprel aýynyň 3-5-i aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda ata Watanymyzyň söwda ulgamynyň ýurduň ykdysadyýetindäki mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge niýetlenilen Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler.

Bu giň möçberli çäre toplumda bar bolan önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda pudaga sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeli usullaryny ulanmak, önümçilige daşary ýurt maýa goýumlaryny has köp çekmek ugrunda alnyp barylýan özgertmelere özboluşly badalga berer.  Türkmenistanlylara we halkara jemgyýetçiligine gözel Diýarymyzyň haly, dokma we söwda pudagynyň gazanan ýokary netijeleri görkeziljek bu sergide Söwda toplumynyň işini guramagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň depgini öz beýanyny tapar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň