2023-nji ýylyň 4-6-njy oktýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine Türkmenistanyň gurluşyk we senagat ugurlar boýunça wekilýetiniň iş sapary boldy.
Wekilýeti Awstriýanyň Federal Zähmet we Ykdysadyýet ministrligi we Awstriýanyň Ykdysady palatasy garşy aldy. Ýöriteleşdirilen tegelek stollaryň dowamynda Türkmen we Awstriýa taraplary gurluşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň mümkinçilikleri we geljegi barada birek-birege habar berdiler.
2023-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Awstriýanyň Ykdysady palatasy tarapyndan gurnalan ýörite tegelek stolda Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan Arkadag şäheri barada giňişleýin maglumat berildi.
Tegelek stol görnüşli duşuşyga Awstriýanyň hökümet işgärleri, öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy. Täze şäheriň gurulmagy Awstriýanyň kompaniýalarynda gyzyklanma döretdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmen wekilýeti "Wagner Biro Steel and glass" kompaniýasynyň edara binasyna we "Wena Energy" edarasyna aýlanyp gördüler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.