Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty öz işine başlady

27.07.2026
83

       2026-njy ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, maýa goýum işjeňligini artdyrmaga hem-de işewür toparlaryň arasyndaky göni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty öz işine başlady.

         Çäräniň esasy maksady iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak, hususan-da söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň senagat we gurluşyk ugurlaryndaky mümkinçiliklerini öwrenmekden ybarat boldy.

Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, işewür toparlaryň wekilleri bilen bir hatarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow hem ganaşdy. Özbek wekiliýetine Özbegistanyň “Uzpromstroymaterialy” birleşiginiň müdirýetiniň başlygy  Ilýos Rahimow ýolbaşçylyk etdi.

Maslahat iki dostlukly ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek, özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek we işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy.

Maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda, günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda söwda, senagat, gurluşyk, ulag-logistika, oba hojalygy, maýa goýum we beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ykdysady taýdan has-da pugtalandyrmaga, söwda dolanyşygyny artdyrmaga hem-de täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň biri bolup durýar.

 Maslahatyň çäklerinde geçirilýän duşuşyklaryň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine we strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň