Şu gün ─ 5-nji dekabrda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleri
bilen türkmenistanly işewürleriň arasynda ikitaräplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Duşuşygy Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň başlygy Mergen Gurdow açdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde
Awstriýanyň Federal Ykdysady Palatasyny döredýän Awstriýa kompaniýalarynyň
Türkmenistandaky biznes maksatly wekilhanalary yzygiderli hereket edýär. Munuň
özi türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmekde möhüm orun eýleýär.
Bu bolsa awstriýaly kompaniýalaryň türkmenistanly işewürler bilen hyzmatdaşlyk
saklamaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyň subut edýär.
Awstriýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistana iş saparynyň dowamynda döwlet we hususy ulgamlaryň wekilleri bilen duşuşyklar guralar. Munuň özi türkmen we awstriýaly işewürleriň geljekde uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyna özboluşly badalga berer.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.