2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň işewür
hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir
alyşdylar. Taraplar hususan-da Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň alyp
barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň sebitiň
ýurtlary bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeýändigini hem-de bu
babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işleriň ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa
ýoly bilen ösdürmekde uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara bähbitli işewür gatnaşyklaryň
mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.