2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Şri-Lankanyň eksport ösüşi baradaky Geňeşiniň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini we işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşdylar. Taraplar hususan-da Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň sebit we beýleki ýurtlar bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeýändigini hem-de bu babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işleriň uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara bähbitli işewür gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.