2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda
Singapuryň hyzmatdaşlyk edarasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň işewür
hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Taraplar
hususan-da Türkmenistanyň Prezidentiniň
alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň sebit
we beýleki ýurtlar bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeýändigini hem-de
bu babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işleriň uly üstünliklere eýe bolýandygyny
nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar
birek-birege alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara
bähbitli işewür gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam
bildirdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň
Metbugat gullugy.