PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Malaýziýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

28.05.2024
Card image cap

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy bilen Malaýziýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmad Tajuddin bilen duşuşygy geçirildi. Onda söwda ulgamynda, şol sanda işewür düzümleriniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda ilçä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň iş ugurlary, onuň türkmen-malaýziýa söwda, işewür gatnaşyklaryny ösdürmekde alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Bellenilişi ýaly, söwda-senagat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Malaýziýanyň Milli Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi. Bu resminamanyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi duşuşygyň dowamynda bellenildi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygy ýangyç-energetika, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly ugurlary boýunça okgunly ösdürilýär. Taraplar söwda we işewür hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen iki ýurduň söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklary geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.

 


Bulary hem okaň