2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynda Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we doly ygtyýarly ilçisi Reinis Trokşa bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň işewür
hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada
pikir alyşdylar. Taraplar hususan-da, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň
alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň Ýewropa
ýurtlary bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeýändigini hem-de bu
babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işler uly üstünliklere eýe bolýandygyny
nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara bähbitli işewür gatnaşyklaryň
mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.