15.07.2026
2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň
Daşary işler boýunça kanselýariýasynyň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Çen
Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady
we işewürlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan
ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy
giňeltmek, telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek,
bilelikdäki işewürlik çärelerini guramak hem-de täze hyzmatdaşlyk
mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar.
Netijeli
we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna
hem-de iki ýurduň işewür gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagyna möhüm itergi
berjek nobatdaky ädim boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.