2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hindistanyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika
Bhagat bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň işewür
hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir
alyşdylar. Taraplar hususan-da, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň alyp
barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň sebitiň
ýurtlary bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeýändigini hem-de bu babatda
amala aşyrylýan ähmiýetli işler ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly
bilen ösdürmekde uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň
ahyrynda taraplar birek-birege alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
edip, özara bähbitli işewür gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine
ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.